BBM CHANNELS BARADA GOŞMAÇA

"BBM" programmasynyň çägindäki durmuş aragatnaşyk serişdesi bolan BBM Channels-e hoş geldiňiz! Ol siziň maşgalaňyzdan daşgary adamlar bilen aragatnaşygyňyzy ýygjamlaşdyryp, dostlaryňyzyň ýaýrawyny giňedip, adamlar, jemgyýetler we söwda belgileri bilen gatnaşmagyňyza mümkinçilik döredýär. Eger-de siz "BlackBerry" platformasynda "BBM" programmasyny ulanýan bolsaňyz, "BBM" we "BBM Channels" "BlackBerry" Çözgüdiniň Lisenziýa Şertnamasynda (BBÇLŞ) bellenip geçilişi ýaly siziň "BlackBerry" Çözgüdiňiziň bir bölegi bolup durýar. Ol bolsa siziň hem tarap bolup çykyş edýän "BlackBerry" Çözgüdiňizi düzýän programma üpjünçiligiňizi we hyzmatlaryňyzy peýdalanyşyňyzy düzgünleşdirýär. Eger-de siz "BBM" we "BBM Channels-i" "BlackBerry" platformasynda ulanmaýan bolsaňyz, "BBM" we "BBM Channels" "BBM" Hyzmatynyň Şertlerinde (BBMHŞ) bellenip geçilişi ýaly siziň "BlackBerry" Çözgüdiňiziň bir bölegi bolup durýar. Ol bolsa siziň eýýäm bir tarap bolup çykyş edýän "BlackBerry" Çözgüdiňizi peýdalanyşyňyzy düzgünleşdirýär. Bu Goşmaçanyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen,"BBM Şertnamasy" siziň "BlackBerry" Çözgüdini ýa-da "BBM" Çözgüdini peýdalanyşyňyzy düzgünleşdirýän BBÇLŞ-i we BBMHŞ-i aňlatmak üçin ulanylýar. Eger-de siz "BBM Channels-iň" internet portalynyň üsti bilen "BBM Channels-i" ulanmak üçin hasaba durýan bolsaňyz, "BBM Şertnamasy" BBMHŞ-i aňladýar. Eger-de sizde hukugyňyzy goramak üçin degişli BBM Şertnamasynyň göçürmesi ýok bolsa, ony www.blackberry.com/legal salgysyndan alyp bilersiňiz.

BBM Şertnamasy "BBM Channels" üçin ulanylýan döwründe ol siziň "BlackBerry" Çözgüdiňiziň bir bölegi bolup durýar. Bu Goşmaça hem siziň "BBM Channels-iň" hyzmatyndan peýdalanmagyňyz bilen bagly goşmaça şertlerden we düzgünlerden ybaratdyr. Goşmaça bilen üsti ýetirilen "BBM" Şertnamasy "BBM Channels-iň Şertlerini" aňladýar. "BBM" Şertnamasy bilen şu "BBM Channels-iň" Goşmaçasynyň arasynda düşünişmezlik çykan ýagdaýynda "BBM Channels" Goşmaçasy şeýle düşünişmezlik bilen baglylykda agdyklyk edýär.

SIZ "YLALAŞÝARYN" DÜWMESINE BASYP ŞU "BBM" CHANNELS BARADA GOŞMAÇA ŞERTNAMANY BAGLAŞANYŇYZDA, "BBM CHANNELS-IŇ" ŞERTNAMASY FIZIKI ŞAHS HÖKMÜNDE YLALAŞAN ÝAGDAÝYŇYZDA ÝA-DA "BBM CHANNELS-I" ÖZ KOMPANIÝAŇYZYŇ ÝA-DA IŞLEÝÄN BAŞGA EDARAŇYZYŇ ADYNDAN ULANMAGA YGTYÝARLY BOLSAŇYZ (IKI ÝAGDAÝDA HEM "SIZE" ÝA-DA "SIZIŇ" DIÝMEK ARKALY "SIZE" SALGYLANYLÝAR DIÝLIP DÜŞÜNILMELI ) SIZIŇ WE SIZIŇ "BBM" ŞERTNAMASYNY BAGLAŞAN "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY ("BIZE" ýa-da "BIZ") ÜÇIN HUKUK TAÝDAN BAGLAÝJY ŞERTNAMA BOLUP DURÝAR. EGER-DE SIZ "BBM CHANNELS-IŇ" ŞERTLERI BILEN YLALAŞMAGA TAÝÝAR BOLMASAŇYZ, SIZ "BBM CHANNELS-IŇ" HYZMATYNDAN PEÝDALANYP BILMEÝÄRSIŇIZ. Bu "BBM Channels-iň" Goşmaça Şertnamasynda baş harp bilen ýazylyp, "BBM Channels-iň" Goşmaça Şertnamasynda kesgitlenmedik adalgalar "BBM" Şertnamasyndaky manylaryna eýedir.

1. "BBM CHANNELS-I" DÖRETMEK.

1.1 BBM Channels-iň Şertlerine degişlilikde, özboluşly BBM Channel (mundan beýläk, "Kanal") döretmek we dolandyrmak üçin Siz Kanallary ulanyp bilersiňiz. Ol Siziň ygtyýarly wekilçiligini edýän belligiňizi, guramaňyzy, wakaňyzy ýa-da şahsyňyzy häsiýetlendirýär. "KANAL DÖRETMEK ARKALY SIZ BIZE ŞEÝLE SÖWDA BELGISINIŇ, GURAMANYŇ, ÇÄRÄNIŇ ÝA-DA ŞAHSYŇ ADYNDAN DEGIŞLI KANALY DÖRETMÄGE WE DOLANDYRMAGA YGTYÝARYŇYZYŇ BARDYGYNY BEÝAN EDIP, WEKILÇILIK EDÝÄRSIŇIZ WE KEPIL GEÇÝÄRSIŇIZ.

1.2 Diňe aşakda görkezilen şertlerde Siz söwda belgisini, guramany, çäräni ýa-da şahsy goldamak ýa-da olar bilen gyzyklanýandygyňyzy beýan etmek üçin hem Kanal döredip bilersiňiz: i) Siziň Kanalyňyz şeýle söwda belgisi, gurama, çäre ýa-da şahs tarapyndan döredilen däldigini aýtmak; ii) Siziň Kanalyňyzyň şeýle söwda belgisi, gurama, çäre ýa-da şahs tarapyndan tassyklanan ýa-da ygtyýarlan däldigini aýtmak; iii) başgalary nädogry ugrukdyrmazlyk, pikirini bulaşdyrmazlyk ýa-da aldatmazlyk; iv) şeýle söwda belgisiniň, guramanyň, çäräniň ýa-da şahsyň, şol sanda söwda belgisi, awtorlyk we mälimlik bilen bagly hukuklaryň bozulmazlygy.

1.3 Siziň adyňyz we şahsy maglumatlaryňyz, Siziň Kanalyňyzyň ady we Kanal üçin hasaba duranyňyzda beren ýa-da Kanalyňyzda bar bolan beýleki profil maglumatyňyz ýa-da beýanyňyz dogry bolmaly, nädogry bolmaly däl, mazmuny aýdyň beýan edilen bolmaly. Siziň Kanalyňyzyň ady özboluşly bolmaly we umumy manyly bolmaly däl (meselem: iýmit, ulag).

1.4 Siz birine zyýan bermek ýa-da dil ýetirmek maksady bilen Kanal döredip bilmeýärsiňiz. Bellenip geçilenler bilen çäklendirmezden, Siz beýlekileriň ulanmagynyň öňüni almak maksady bilen bir ýa-da birnäçe Kanal döredip, Kanallary ýa-da Kanallaryň atlaryny satyp, Kanaly birugsat alyp bilmeýärsiňiz. Biziň BBM Channels-iň Şertlerine ýa-da Kanallaryň ulanylyşy babatda biziň çap eden ýörelgelerimize laýyk gelmeýän ýa-da işjeň bolmadyk Kanallary bozmaga we wagtlaýyn togtatmaga hukugymyz bardyr. Biziň şeýle-de rugsat berilmedik Kanallary, Kanallaryň atlaryny, Channels ID maglumatlaryny, dolandyryş mümkinçiliklerini biziň şol Kanalyň adyny almaga, ony döretmäge we dolandyrmaga hukugy bar diýip hasaplan söwda belgisine, gurama, çärä ýa-da şahsa bermäge hukugymyz bar.

1.5 Siziň Kanal üçin hasaba alyşyňyz kabul edilenden soň, Siz ("BBM" Şertnamasynda görkezilişi ýaly) Kanalda goýlan söwda belgisi, gurama we şahs bilen baglanyşykly Mazmuny goýup we görüp bilersiňiz. Kanalda Mazmuny goýmak we görkezmek Mazmunyň islendik görnüşli eýeçiligini bize geçirmeýär, emma siz şeýle Mazmun üçin Bize ýa-da biziň golçurlarymyza "BBM" Şertnamasynda bellenip geçilen tertipde ygtyýar beren ýagdaýyňyzda, Biz we biziň golçurlarymyz "BBM" Channels arkaly berilýän hyzmatyň bir bölegi hökmünde elýeterli edip biler. Siz Bize we biziň golçurlarymyza BBM Channels ýokarlandyrylmagy bilen baglylykda Mazmunyňyzyň, şol sanda Kanalyň adynyň, häzirkizaman ýa-da soň kämilleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanylýan suratlarynyň, logolaryň, nyşanjyklaryň we söwda belgileriniň (mundan beýläk "Belgiler") köpeldilmegi, köpçülikleýin ulanylmagy we görkezilmegi üçin aýratyn hukugy we awtorlyk hukugy bolmadyk, Kanalyň bolan döwründe hukuk güýjünde boljak bütindünýä lisenziýasyny berýärsiňiz, munuň üçin siz öňünden razylyk bildirmeli bolarsyňyz we esassyz boýun gaçyrmaly we gijikdirmeli dälsiňiz. Biz siziň şeýle Belgileriňizde hiç hili hukugymyzyň, eýeçiligimiziň ýa-da bähbidimiziň ýokdugyna güwä geçýäris. Ýokarda agzalanlar bilen çäklenmezden, Siziň "BBM" Channels ýokarlandyrmak üçin Belgileri ulanmagyňyz bilen baglylykda, Biz (i) siziň tarapyňyzdan öňünden we ýokarda bellenen tertibe laýyklykda anyk tassyklanmadyk bolsa, Belgileriňizi hiç hili üýtgetmeris; (ii) Belgileri beýleki belgiler bilen birleşdirmeris; (iii) Siziň hukuklaryňyza we Belgileriňize oňaýsyz täsir etjek hiç bir zat etmeris.

1.6 Siz öz Kanalyňyzyň "BBM Channels" ulanýan beýleki ulanyjylar tarapyndan görlüp bilinjekdigi (Siz siz Kanalyňyzy gurnaýan wagtyňyz hususy Kanal diýip bellemedik bolsaňyz) we Siziň kanalyňyzdaky Mazmunyň köpçülige açyk we Siziň Kanalyňyza abuna bolan hemme kişä ("Abunalar") görünýändigi ýa-da Siziň Kanalyňyzy we onuň mazmunyny görüp bolýandygy barada ylalaşýarsyňyz we tassyklaýarsyňyz.

1.7 Biz Size Kanal döretmäge mümkinçilik berenimizde, Siz öz Kanalyňyzyň, şol sanda Siziň Mazmunyňyzyň we Abunalar bilen özara gatnaşyklaryňyzyň dolandyrylmagy we ulanylmagy üçin bir özüňiz jogapkärçilik çekýärsiňiz.

1.8 Eger-de Siz Kanalyňyz, şol sanda Teklipler girizilen aýratyn internet sahypasynyň URL salgysy arkaly Abunalara üpjünçilik işini amala aşyrýan ýa-da önümleri ("Önümler") hödürleýän bolsaňyz, "BBM" Channels Düzgünleriniň hiç biri çäklendirilmezden, aşaky düzgünler ulanylýar:

(a) Siz diňe täjirçiligini, resmi dilerligini edýän we önümçiligini amala aşyrýan önümleriňizi we hyzmatlaryňyzy hödürläp bilersiňiz;
(b) Siz öz Önümleriňiziň ähli degişli kanunlara, kadalaşdyryjy namalara we düzgünlere laýyk gelmegini üpjün etmelisiňiz;
(c) Siz öz Önümiňizi ulanmagyň şertlerini we düzgünlerini, şol sanda çäklendirmeleri we möhletlerini anyk kesgitlemeli.
(d) Ulanyjyny Biziň adymyzdan ýa-da Biziň tarapymyzdan dolandyrylýan "BlackBerry World" ýaly saýta ýa-da hyzmata ugrukdyrmagyň bu düzgüni bozmazlygy şertlerinde, Siz hiç hili ýagdaýda Önüm bilen baglylykda Biz bilen hyzmatdaşlykda işleýändigiňizi bellemeli ýa-da ýaňzytmaly dälsiňiz;
(e) Siz Önümleriň berilmegi ýa-da üpjün edilmegi üçin bir özüňiz jogapkärçilik çekýärsiňizwe Biz haýyş eden ýagdaýymyzda Bizi ähli ýitgilerden, jogapkärçiliklerden we Bize Siziň Önümiňiz sebäpli töledilýän çykdajylardan (şol sanda degişli kazyýet çykdajylaryndan) boşatmak babatda ylalaşýarsyňyz;
(f) Biz siziň Önümiňiz sebäpli ýüze çykan gelşiksiz boljak puly yzyna gaýtarmak, aldaw we beýleki meseleler üçin jogapkärçilik çekmeýäris.

1.9 Eger-de Size Siziň Abunalaryňyz barada göni şahsy maglumatlara girmäge ýa-da olary ýygnamaga mümkinçilik berlen bolsa, Siz degişli şahsy maglumatlaryň gizlinligi we maglumat goragy baradaky kanunlary berjaý etmelisiňiz, şol sanda Abunalara Özüňiziň şahsy maglumatlaryň gizlinligi barada ýörelgeleriňizi görkezmeli we Maglumatlary ýygnamagyňyz, olaryň ýygnamagyň maksady barada habar bermeli, şeýle-de degişli kanunlara we kadalaşdyryjy namalara laýyklykda olaryň razylyklaryny almaly bolarsyňyz.

2. KANALA ABUNA BOLMAK WE TESWIRLEMEK.

2.1 Siz Kanala abuna bolmak arkaly aşakdaky düzgünler babatda ylalaşýarsyňyz:

(a) Kanalyň eýesi size öz Mazmunyny, Önümlerini, mahabatlandyryş maglumatlaryny ýa-da BBM programmasy arkaly habar ugradyp biler. Kanalyň eýesinden şeýle habarlaryň alynmagy barada Kanal dolandyrylýan degişli sazlamalary we saýlamalary hem-de şeýle habarlary almak islemeýän halatyňyzda Kanalyň abunalygyndan nähili çykylýandygyny gözden geçirmegiňizi haýyş edýäris;
(b) Kanalyň eýesi Siz barada käbir maglumatlara, mysal üçin Siziň adyňyzy we goýan suratyňyzy görüp biler. Kanalyň eýesine elýeterli edilen islendik maglumat Kanalyň eýesiniň degişli şahsy maglumatyň gizlinligi barada kanunlaryna laýyklykda ulanylmalydyr;
(c) Kanalyň administratory tarapyndan mümkinçilik döredilen ýagdaýynda, Siz Kanala teswirleri ("Teswirler") goýup bilersiňiz we teswirleriň goýulmagyny tassyklap bilersiňiz, şeýle-de Kanalyň administratory bilen gürrüňdeşlik geçirip bilersiňiz. Siziň Teswirleriňiz we gürrüňdeşlikleriňiz Kanalyň mazmunyna laýyklykda çäklendirilip bilner. Siz "BlackBerry" Internet Jemgyýetiniň Standartlaryny berjaý etmelisiňiz. Şol standartlary www.blackberry.com/legal/communitystandards; salgysyna girip okap bilersiňiz;
(d) Siziň Teswirleriňiz, Siziň bildiriş etmäge ýa-da teswirlemäge beren razylygyňyzy görkezmek üçin BBM Channels hyzmatynda edýän saýlamalaryňyz Kanalyň beýleki Abunalary, şeýle-de Kanallary we mazmuny görüp bilýän beýleki şahslar (Kanalyň dolandyryjylary we ş.m.) tarapyndan köpçülikleýin görnüşde görner, beýleki Abunalar tarapyndan "BBM" kontaktlary bilen paýlaşylyp bilner. Hut şu sebäpden Size Mazmunlaryňyzda ýa-da Kanalyň eýeleri bilen gepleşikleriňizde şahsy maglumatlaryňyzy bermezligiňizi haýyş edýäris.
(e) Siziň "BBM" programmasynda görünýän adyňyz we suratyňyz Siziň Kanalda goýan Mazmunyňyz bilen bilelikde görkeziler. Mundan başga-da, Siziň abuna bolan Kanallaryňyzy Siziň profiliňize (sahabyňyza) girip bilýän şahslar, şol sanda BBM kontaktlar we BBM kontakty bolmaga çakylyk ugradan şahslaryňyz tarapyndan görlüp bilinýär. Siziň we Siziň "BBM" kontaktlaryňyzyň abuna bolan we sizi gyzyklandyrýan Kanallaryňyz, "BBM" sahabyňyz bilen baglanyşykly gaýry maglumat, "BlackBerry ID" esasynda Kanallaryň hödürlemelerini ýokarlandyryp bilersiňiz we Siziň abuna bolan Kanalyňyzdaky abunalara ugradan çakylyklarda olary görkezip bilersiňiz. Siziň "BBM" sahabyňyzda görmek islemeýän Kanallaryň abunalygyndan çykyp bilersiňiz.

3. ULANMAGYŇ GOŞMAÇA DÜZGÜNLERI. Mundan başga-da Siziň tarap bolup gatnaşan "BBM" Şertnamaňyzdaky düzgünler bilen çäklendirmezden, Siz aşakdakylar babatda ylalaşýarsyňyz:

3.1 Siz Kanala goýan Mazmunyňyz we Teswirleriňiz üçin doly jogapkärçilik çekýärsiňiz. Biz goýlan Mazmuna we Teswirlere gözegçilik etmeýäris we şol Mazmunlaryň we Teswirleriň tertibini, takyklygyny, hilini kepillendirmeýäris we olar üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Şeýle Mazmunyň ýa-da Teswirleriň ulanmak ýa-da olara esaslanmak arkaly Siziň diňe bir özüňiz töwekgelçilik edýärsiňiz;

3.2 Siz "BBM" Channels ulanmagyňyz, şol sanda Kanala Mazmunyň we Teswirleriň goýulmagy bilen baglylykda ähli degişli kanunlary we kadalaşdyryjy namalary (bar bolan ýagdaýynda önümçilik ýörelgelerini) berjaý etmek babatda jogapkärçilik çekýärsiňiz. Bar bolan halatynda, Siz Kanalyňyzdan düzgünlere laýyk gelmeýän mazmuny Kanalyňyzdan bozmak barada Sanly Materiallaryň Awtorlyk Hukuklary barada Kanuna laýyk gelýän ýörelgeleriňiziň bolmagy üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Ýokarda agzalanlar bilen çäklendirmezden, Siziň Kanala goýan Mazmunyňyz BBM Channels Mazmunlary Barada Ýörelgelere laýyk gelmeli, siz ony www.blackberry.com/legal/bbmcontentguidelinesinternet salgysyna girip okap bilersiňiz;

3.3 Siz ulanyjylary we Kanallary, şol sanda iki gezek edilen ýa-da birmezňeş bildirişleri, Siziň Mazmunyňyz ýerleşdililen Kanaldaky laýyk bolmadyk Mazmunlary "spam" diýip belläp bilmeýärsiňiz;

3.4 Siz Biziň käbir Kanallara ýa-da Mazmunlara girişiňizi Biziň Sizden alan Siziň ýaşyňyz we ýeriňiz sebäpli çäklendirip biljekdigimiz, şeýle maglumatlary Siziň sahabyňyza ýa-da kanunlaryňyza laýyk gelýän, şeýle-de sizi gyzyklandyrýan mazmunlary hödürlemegimiz üçin ulanyp biljekdigimiz babatda ylalaşýarsyňyz;

3.5 Biziň we biziň bellän edaralarymyzyň (borjumyz däl) islendik sebäp bilen islendik Mazmuny ýa-da Teswirleri özbaşdak barlamaga, ret etmäge ýa-da bozmaga hukugy bardyr;

3.6 Bu "BBM" Channels Barada Goşmaça biziň Şahsy Maglumatlar Barada Ýörelgeleriň bir bölegi bolup durýar, ony www.blackberry.com/legal/privacy.shtml internet salgysyndan okap bilersiň. Şahsy Maglumatlaryň Gizlinligi bilen "BBM" Channels Barada Goşmaçanyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda, şu "BBM" Channels Barada Goşmaçanyň hukuk güýji agdyklyk eder. Munuň bilen çäklenmezden, siz aşakdakylar barada ylalaşýarsyňyz:

(a) Eger-de siz"BBM" Channels üçin ýeriňizi anyklaýjy funksiýany işjeňleşdiren ýagdaýyňyzda GPS (bar bolan), simsiz minara, Wi-Fi/WLAN paýlaýjy nokatlary ulanmak araly Siziň enjamyňyzyň ýerini döwürleýin kesgitläp durar ("BBM" enjamyňyzda öçük hem bolsa, on bäş minutdan) we Siziň enjamyňyza ýazdyrar. Käbir halatlarda Siziň enjamlaryňyz günüň dowamynda ýerini üýtgedip durýandygy sebäpli, şeýle maglumatlar "BlackBerry" serwerlerine ugradylar, Biz size has maksadalaýyk mahabatlary we Kanallaryň mazmunyny, şol sanda Siziň enjamyňyzyň ýerleşýän ýerine laýyklykda ýer anyklaýjy funksiýany ulanýan, terjime edilen ýa-da wagty sazlanan Önümleri üpjün etmek üçin siziň "BBM" programmaňyzy we "BlackBerry ID" belgiňizi baglanyşdyryp bileris. Şeýle ýer anyklaýyş funskiýasyny öçürmek üçin menýudaky sazlamalary gözden geçiriň.

(b) Biz Size sizi gyzyklandyrýan Kanallary, mazmuny we hyzmatlary özümiz we beýleki çeşmelerden – beýleki Kanallaryň eýelerinden üpjün etmek, aragatnaşyga geçmek we işi kämilleşdirmek maksady bilen siziň saýlamalaryňyzy we gyzyklanýan zatlaryňyzy çaklamak üçin "BBM" Channels ulanyşyňyz barada maglumatlary, şol sanda Siziň Kanaldaky abunalygyňyz we hereketiňiz, "BBM" sahabyňyz we "BlackBerry ID" belgisi bilen baglanyşykly maglumatlary, Siziň ýeriňizi hem ulanyp bileris. Biz şeýle-de şeýle maglumatlary Siziň tejribäňizi artdyrmak, Size beýleki önümleri we hyzmatlary teklip etmek, Siziň sahabyňyz esasynda maksadalaýyk mahabatlary bermek maksady bilen Siziň "BlackBerry" Çözgütleri bolan önümler we hyzmatlary (mysal üçin, "BlackBerry World" ulgamy arkaly ýygnalan maglumatlar we internetde eden hereketiňiz) ulanyşyňyz baradaky maglumatlar bilen birleşdirip bileris. Muňa Size abuna bolmagyňyz üçin ugradylan çakylyklar, Bize "BBM" Channels ulanyjylaryna hat ugratmagy we Siziň demografiki maglumatlaryňyza we gyzyklanýan zatlaryňyza laýyk gelýän köpçülikleriň ünsüni çekdirmegi haýyş edýän Kanalyň eýeleri tarapyndan "BBM" arkaly ugradylýan hatlar we bildirişler girýär. Muňa garamazdan, Siz Bize degişli rugsatlary bermeseňiz (mysal üçin, eger-de Siz Kanala abuna bolsaňyz şu Goşmaçanyň 2.1(b) bölümine laýyklykda), Biz Kanalyň eýelerine şahsy maglumatlaryňyzy bermeýäris. Geljekde käbir ýörite Kanallardan şeýle islenmeýän çakylyklaryň we hatlaryň alynmazlygy, şeýle-de abunalykdan çykmak üçin menýudaky sazlamalary gözden geçiriň.