"BBM" HYZMATLARYNDAN PEÝDALANMAGYŇ DÜZGÜNLERI

HYZMATLARYŇ ÜPJÜN EDILÝÄN "BBM" PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ULANMAZDAN ÝA-DA GURNAMAZDAN ÖŇÜRTI ŞU RESMINAMANY ÜNS BERIP OKAMAGYŇYZYHAÝYŞ EDÝÄRIS. ŞU ŞERTNAMA "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNYŇ SIZE SIZE BOLAN JOGAPKÄRÇILIKLERINI ÇÄKLENDIRÝÄN ÝA-DA BOŞADÝAN, ŞEÝLE-DE SIZIŇ HUKUKLARYŇYZA TÄSIR EDÝÄN DÜZGÜNLERI ÖZ IÇINE ALÝAR. HÖKMANY BERJAÝ EDILÝÄN KANUNY HUKUKLARYŇYZY ULANMALY BOLAN HALATYŇYZDA BU ŞERTNAMA SIZIŇ DÖWLET KANUNÇYLYGYŇYZDA ULANYLMALY HÖKMANY KANUNY HUKUKLARYŇYZA ZEPER ÝETIRMEÝÄR.

Şu "BBM" Hyzmatlaryndan Peýdalanmagyň Düzgünleri (mundan beýläk "Şertnama") siziň, eger fiziki şahs hökmünde ulanýan bolsaňyz siziň, ýa-da (aşakda bellenip geçilişi ýaly) kompaniýanyň ýa-da başga edaranyň adyndan "BBM" Çözgütlerinden peýdalanýan bolsaňyz, siziň işleýän edaraňyz bilen bellige alnan edarasy 1 International Business Park, The Synergy Building, 2nd Floor, Singapore 609917 salgysynda ýerleşýän "BlackBerry Singapore Pte. Limited" ("BlackBerry") kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamany (mundan beýläk bilelikde "Taraplar", ýekelikde "Tarap") aňladýar.

"YLALAŞÝARYN" DÜWMESINI BASMAK, "BBM" ÇÖZGÜTLERINI ÝA-DA ONUŇ BIR BÖLEGINI IŞJEŇLEŞDIRMEK ÝA-DA ULANMAK ARKALY, SIZ ŞU ŞERTNAMANYŇ DÜZGÜNLERINE WE ŞERTLERINE TABYN BOLMAK BABATDA YLALAŞÝARSYŇYZ. EGER-DE SIZDE ŞU ŞERTNAMANYŇ ŞERTLERI BARADA SORAG DÖRÄN ÝAGDAÝYNDA, LEGALINFO@BLACKBERRY.COM ELEKTRON POÇTA SALGYSY ARKALY "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNA ÝÜZ TUTMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIS.

"BBM" ÇÖZGÜTLERINI ÝA-DA ONUŇ BIR BÖLEGINI IŞJEŇLEŞDIRMEZDEN ÝA-DA ULANMAZDAN ÖŇÜRTI ŞU DÜZGÜNLER WE ŞERTLER BILEN YLALAŞMADYK HALATYŇYZDA, SIZIŇ "BBM" ÇÖZGÜTLERINDEN PEÝDALANMAGA HUKUGYŇYZ ÝOKDUR. ŞEÝLE ÝAGDAÝDA SIZ (A) HAÝAL ETMÄN (AŞAKDA BELLENIP GEÇILEN) ISLENDIK PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI BOZUŇ; (B) "BBM" ÇÖZGÜTLERINI ULANMAK ÜÇIN PUL TÖLÄN BOLSAŇYZ DEGIŞLI BELLIGE ALNAN SATYJYNYŇ TÖLEGLERI AMALA AŞYRYJYLARDAN DEGIŞLI YZYNA GAÝTARYŞ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA YZYNA GAÝTARYLMAGYNY TALAP EDIŇ.

Eger-de siz Filippin adalarynyň raýaty bolsaňyz, siziň "BBM" çözgütlerini ulanmak üçin hukuklaryňyz beýleki maddy önümleriň satyn alynmagyndan we siziň Aragatnaşyk Kärhanasyndan satyn alan aragatnaşyk hyzmatlaryňyzdan tapawutlydyr. Siziň we "BlackBerry" kompaniýasynyň arasyndaky şu Şertnama "BBM" Çözgütleri we Programma Üpjünçiligi intellektual emläkler hakynda bolup, Singapur döwletinde baglaşyldy diýlip hasaplanar.

1. Aňlatmalar. Eger-de ýazgynyň mazmuny başgaça düşündirilmegini talap etmeýän bolsa, aşakdaky adalgalar aşakda görkezilen manylara eýe bolmalydyr (mazmuny gabat gelen ýagdaýynda, birlik manyda ulanylan adalgalar köplük manyny hem aňlatmalydyr).

"Aragatnaşyk Hyzmaty" Siziň "BBM" Çözgütleri bilen bir hatarda ulanýan belli bir sebiti gurşap alýan simsiz aragatnaşyk hyzmatlaryňyzy (şol sanda ýerli maglumat tory, emeli hemra we internet hyzmatlaryny) we Siziň Aragatnaşyk Kärhanaňyz (Kärhanalaryňyz) tarapyndan üpjün edilýän beýleki hyzmatlary aňladýar.

"Aragatnaşyk Kärhanasy" Aragatnaşyk Hyzmatlaryny üpjün edýän edara görnüşli tarapy aňladýar.

"BBM Çözgütleri" degişli Resminamalar bilen bilelikde Hyzmatlardan we Programma üpjünçiliginden ybarat bolan "BBM" derhal habarlaşmak çözgütlerini ("BlackBerry Messenger" diýlip hem bilinýär) aňladýar.

"BlackBerry ID" Siziň "BBM" Çözgütlerinden, şeýle-de "BlackBerry ID" belgisi girizilýän gaýry önümlerden we hyzmatlardan peýdalanmak üçin giriş maglumatlaryny aňladýar.
"Mazmun" maglumaty, ýazgyny, aýdym-sazlary, jaň sazlaryny, fotosuratlary we suratlary, wideoşekilleri, hatlary, bellikleri we beýleki sanly materiallary ýa-da gaýry sanly maglumatlary aňladýar.

"Resminamalar" "BlackBerry" kompaniýasynyň "BBM" Çözgütleri üçin taýýarlan we üpjün eden ulanyjynyň standart resminamalaryny, şol sanda özüň alyp baryş düzgünlerini, ýörelgeleri, ulanmagyň düzgünlerini aňladýar. Has anyk bolmagy üçin, Resminamalaryň düzümine "BlackBerry" kompaniýasyndan gaýry şahslar tarapyndan taýýarlanan ulanyjynyň resminamalary ýa-da "BlackBerry" kompaniýasyndan gaýry şahslar tarapyndan bu resminamalara girizilen üýtgetmeler girmeýär.

"Enjam" Siziň eýeçiligiňizde we ygtyýaryňyzda bolup, "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan taslanan we ygtyýarlandyrylan, Programma üpjünçiligi ýa-da onuň bir bölegi gurnalan akylly telefon ýa-da planşet ýaly enjamy aňladýar.

"Tölegli Hyzmatlar" peýdalanmak üçin sizden "BlackBerry" kompaniýasynda hasaba alynmagy, oňa ýa-da bellige alnan satyja, tölegleri amala aşyryja töleg tölemegi talap edýän Hyzmatlary aňladýar.

"Hyzmat(lar)" Size "BBM" Çözgütleriniň bir bölegi hökmünde "BlackBerry" kompaniýasy ýa-da "BlackBerry" kompaniýasynyň golçurlary tarapyndan (elýeterli bolan ýerinde we wagtynda) üpjün edilýän Hyzmatlary, şol sanda ikiçäk ýa-da toparlaýyn hat alyşmagy, şekilli we sesli jaň hyzmatlaryny we "BlackBerry ID" hyzmatyny aňladýar; emma "BlackBerry" kompaniýasynyň Üçünji Tarapyň Hyzmatynda bilelikde söwda belgisini ulanmagy öz "Hyzmaty" diýmegi aňlatmaýar.

"Programma üpjünçiligi" Hyzmatlardan peýdalanmagy üpjün edýän "BBM" alyjy programmasyny, şu Şertnama esasynda "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan Size islendik görnüşde, şertlerde we ýagdaýda üpjün edilýän, soňra gurnalýan ýa-da ulanylýan (programma üpjünçiliginde, faýllardan, resminamalardan, interfeýslerden, tehniki jähetden programma kody hasaplanýan ýa-da hasaplanmaýan Mazmundan, Üçünji Tarapyň girizen Mazmunyndan ybarat bolup bilýän) programma üpjünçiligini aňladýar. "Programma üpjünçiligi" adalgasy "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan paýlanýan Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligini ýa-da Üçünji Taraplaryň Önümlerini, ýa-da "BBM" Çözgütlerine goşulan, bilelikde üpjün edilýän ýa-da işleýän Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligini ýa-da Üçünji Taraplaryň Önümlerini aňlatmaýar.

"Üçünji Tarapyň Düzüm Birlikleri" "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan üçünji tarapyndan Programma üpjünçiligine girizilmegi üçin lisenziýasy alnan, "BlackBerry" söwda belgisi bilen Programma üpjünçiliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde paýlanýan programma üpjünçiliklerini we interfeýsleri aňladýar, emma Üçünji Tarapyň Programma üpjünçiligini aňlatmaýar.

"Üçünji Tarapyň Mazmuny" üçünji tarapyň eýeçiliginde bolan Mazmuny aňladýar.

"Üçünji Tarapyň Önümleri" Üçünji Tarapyň Mazmunyny we Üçünji Tarapyň Önümlerini aňladýar.

"Üçünji Tarapyň Önümleri" "BlackBerry" kompaniýasynyň önümleri bolmadyk Enjamlary, Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligini we gaýry taýýar önümleri aňladýar.

"Üçünji Tarapyň Hyzmatlary" üçünji taraplar tarapyndan üpjün edilýän hyzmatlary, şol sanda Aragatnaşyk Hyzmatlaryny, üçünji tarap bolan Bellige Alnan Satyjylar, töleg amala aşyryjylar ýa-da "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan dolandyrylmaýan islendik internet saýt tarapyndan üpjün edilýän hyzmatlary aňladýar.

"Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligi" "BBM" Çözgütler bilen üpjün edilen, şol çözgütler arkaly berlen üçünji tarapa degişli özbaşdak işleýän programmalary aňladýar.

"Siziň Mazmunyňyz" siziň Hyzmatlara ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryna tabşyran ýa-da elýeterli eden Mazmunyňyzy aňladýar.

2. "BBM" Çözgütlerini Ulanmagyň Düzgünleri. Siz "BBM" Çözgütleriniň ulanylmagy babatda ähli işler üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz we:

(a) Siziň "BBM" Çözgütleriňiziň, ýa-da onuň bir böleginiň şu Şertnama, ähli degişli kanunlara we kadalaşdyryjy namalara hem-de şu degişli Resminama laýyklykda ulanylmagyny üpjün etmeli;
(b) Siz azyndan 13 ýaşyňyzda bolmaly ýa-da ulanýan köpçülik bilen ýaşdaş bolmaly, rugsat berlen iň kiçi ýaşyňyzda bolmaly, şeýle-de ene-ataňyzyň ýa-da hossaryňyzyň rugsatyny almaly we şu Şertnamany baglaşmaga doly hukukly bolmaly. 13 ýaşyndan kiçilere "BBM" Çözgütlerini ulanmaga we "BlackBerry ID" belgisini almaga rugsat berilmeýändiginden ötri Siz islendik ýagdaýda özüňiziň 13 ýaşyndadygyňyzy tassyklamaly. Eger-de siz 13 ýaşdan kiçi bolsaňyz, size "BBM" Çözgütlerini ulanmaga we "BlackBerry ID" belgisini almaga rugsat berilmeýär. Eger-de Siz şu Şertnamany bir kompaniýanyň ýa-da edaranyň adyndan baglaşýan bolsaňyz, onda siz şol kompaniýanyň ýa-da edaranyň adyndan şu Şertnamany baglaşmaga hukugyňyzyň bardygyny tassyklamaly;
(c) "BlackBerry" kompaniýasyna ýa-da onuň ygtyýarly distribýutorlaryna şu Şertnaman laýyklykda berlen islendik maglumatlaryň, şol sanda "BBM" Çözgütlerini ulanmak üçin hasaba alynýan ýa-da Siziň "BBM" Çözgütleri, şol sanda "BlackBerry ID" belgisi bilen bilelikde ulanmak üçin hasap edinmek üçin girizýän maglumatlaryňyz doly we dogry bolmaly; "BBM" Çözgüdini ulanýan ýa-da hasabyňyz bolan wagty döwrüňizde maglumatlary doly we dogry bolmagyny üpjün etmeli;
(d) Siz wezipäňizde şeýle talaplary edeniňizden soň bilkastlaýyn "BBM" Çözgütlerini, ýa-da onuň bir bölegini özbaşdak ýa-da Üçünji Tarapyň Zadyny, Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulanmak arkaly "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan islendik kişiniň işine gatlyşmak, mertebesini peseltmek, programma üpjünçiligine, şaýlaryna, ulgamyna we torlaryna, Mazmunyna, hyzmatyna, şol sanda "Blackberry" kompaniýasyna we Aragatnaşyk Kärhanasyna zyýan ýetirýär, şeýle-de "Blackberry" kompaniýasyna, onuň şahamçalaryna we golçurlaryna ("Blackberry" Kompaniýalar Topary), Aragatnaşyk Kärhanasyna ýa-da olaryň müşderilerine, infrastrukturasyna, önümlerine we hyzmatlaryna zyýan ýetirýär diýlip hasaplanýan görnüşde ulanmaly däl we beýlekileriň ulanylmagyna rugsat bermeli däl. "Blackberry" kompaniýasy Size şeýle duýduryşy iberen halatynda şeýle işi haýal etmän bes etmelisiňiz.
(e) Siziň "BBM" Çözgütleriňiz ýa-da onuň bir bölegi hiç hili ýerliksiz, edep-ekramsyz, töhmetçilikli, paýyş, bir adamyň mertebesini peseldýän, wejera, bikanun we aldawly Mazmunlary ugratmak, ýaýlyma goýbermek, paýlamak we ýaýratmak üçin ulanylmaly däldir;
(f) Siziň "BBM" Çözgüdiňiz ýa-da onuň bir bölegi islendik bir jenaýaty, bikanun we nähak hereketleri etmek, Siziň islendik kanuna ýa-da şertnama, wezipe borçlaryny, şahsy maglumatlaryň gizlinligi hakynda hukuklary we kanunlary bozup toplamaga, saklamaga we elýeterli etmäge hukugyňyz bolmadyk islendik maglumaty ýa-da materialy internetde ýerleşdirmek, toplamak, saklamak, bildiriş etmek, geçirmek, aragatnaşyga geçmek ýa-da elýeterli etmek, bikanun humarly oýunlary oýnamak, üçünji tarapyň islendik intellektual eýeçilik hukuklarynyň we gaýry eýeçilik hukuklarynyň bozulmagy we bikanun peýdalanmagy (şol sanda Siziň göçürmäge we paýlaşmaga hukugyňyz bolmadyk maglumatlary göçürmek we paýlaşmak, intellektual emläkleriň dolandyrylyşynyň goragyny bikanun bozmak) üçin ulanylmazlygyny we synanyşylmazlygyny üpjün etmeli;
(g) Siziň "BBM" Çözgüdiňiz ýa-da onuň bir bölegi düzüminde (i) wirus, troýan aty, kompýuterde we torda özbaşdak ýaýraýan "gurçuk", kompýuter ulgamyna gizlin aralaşýan, öçürýän mehanizma, zyýanly kod, gözleg programma, bot, duýdansyz işleýän mehanizmalar ýa-da içalyçylyk programmalary bolan; ýa-da (ii) (A) programma üpjünçiligine, şaýlara, hyzmatlara, ulgamlara we maglumatlara erbet täsir edip biljek, (B) olary ukypsyzlaşdyrýan, zaýalaýan ýa-da zyýan ýetirýän, (Ç) ulgama birugsat aralaşylmagyny ýeňilleşdirýän, rugsatly girişi togtadýan, birugsat we nälaýyk maksatlara sebäp bolup biljek islendik programma üpjünçiligini ("Zyýanly programmalar") ýa-da Mazmuny internetde ýerleşdirmek, geçirmek ýa-da elýeterli etmek üçin ulanylmaly däldir ("BBM" Çözgüdinde islendik Zyýanly programmanyň bardygyny anyk bilýän bolsaňyz, haýal etmän "BlackBerry" kompaniýasyna habar beriň);
(h) Siz "BlackBerry" kompaniýasyndan öňünden ýazmaça rugsat almazdan "BBM" Çözgütleriniň bir bölegi hökmünde Size elýeterli edilen Programma üpjünçiligini ýa-da Mazmuny, onuň bir bölegini satmaga, şeýle-de "BBM" Çözgütleriniň çägindäki öz hukuklaryňyzy ýa-da bir bölegini başga birine kärendesine bermäge, geçirmäge, şeýle-de satmak, kärendesine bermek we geçirmek üçin synanyşyk etmäge hukugyňyz ýokdur;
(i) Siz islendik Hyzmatlara, gaýry hasaplara, Hyzmatlara çatylýan kompýuter ulgamlaryna ýa-da torlaryna hakerlik usullary, parollaryň geçmek we beýleki serişdeler arkaly birugsat aralaşmaga, Hyzmatlar arkaly elýeterli edilýän materiallary we maglumatlary, "BBM" Çözgütleri arkaly bilinmän elýeterli edilen serişdeler arkaly almaga synanyşmaly dälsiňiz;
(j) Siziň "BBM" çözgüdiňiz ýa-da onuň bir bölegi islendik fiziki ýa-da ýuridiki şahsa öýkünmek, olaryň adyndan nädogry beýanat bermek ýa-da öz fiziki ýa-da ýuridiki şahsa gaýry görnüşde wekilçilik etmek, şeýle-de adamlary ýalňyşdyrmak üçin ýalňyş maglumat bermek, şol sanda "fişing" we "spufing" usullary üçin ulanylmaly däldir.
(k) Siz "BlackBerry" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmeli we "BlackBerry" kompaniýasynyň şu Şertnamanyň bozulyp bozulmandygyny kesgitlemekde we derňemekde ýardam etmek üçin "BlackBerry" kompaniýasynyň soran maglumatlaryny bermeli, şeýle-de "BlackBerry" kompaniýasyna ýa-da "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan bellenen desgalara we Enjamlara girmäge ygtyýarly garaşsyz barlagçysyna "BBM" çözgütleriniň nirede ulanylýandygy we ulanylyp gelinýändigi barada maglumatlary, degişli ýazgylary görkezmelisiňiz. Şu şu Şertnama arkaly "BlackBerry" kompaniýasyna agzalan taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmegine ygtyýar berýärsiňiz: (i) şübhelenilýän jenaýatlary derňemek üçin hukuk goraýjy edaralar; (ii) şu Şertnamanyň bozulmagyny derňemek üçin üçünji taraplar; (iii) şu Şertnamany hukuk güýjüne girizmek üçin internet hyzmatlaryny üpjün ediji kärhanalarda, tor ulgamy we kompýuter desgalarynda işleýän ulgam dolandyryjylar. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde "BlackBerry" kompaniýasy Siziň ulanyjy adyňyzy, IP salgyňyzy we gaýry şahsy maglumatlaryňyzy mälim edip biler.

3. Programma Üpjünçiliginiň Ulanylmagy.

(a) Lisenziýa. "BBM" Çözgütleriniň käbir bölekleri Siziň Hyzmatlardan peýdalanmagyňyz üçin Programma üpjünçiligini almagy we ulanmagy talap edýär. Bu Programma üpjünçiligi lisenziýalydyr we şu Şertnama laýyklykda satylmaýar. Siziň Programma üpjünçiligi üçin bar bolan degişli lisenziýa töleglerini tölemek arkaly ulanyp bilýärsiňiz. Şu resminamada bellenip geçilen düzgünlere we şertlere degişlilikde, şu Şertnama size Programma üpjünçiligini Enjamda gurnamaga rugsat berýän şahsy, goýbolsun edilip bilinýän, aýratyn hukukly bolmadyk we geçirip bilmeýän lisenziýa berýär; şol hukuklar Siziň Programma üpjünçiligini alan üçünji taraplaryň elektron dükanlarynda agalyk edýän ulanyş düzgünleri esasynda ("Ulanyş Düzgünleri") berlen bolsa, onda Enjamlaryň sany Ulanyş Düzgünleri esasynda ulanylmagyna rugsat berilýär.

Eger-de Siz Programma üpjünçiligini abunalyk esasynda ýa-da muzdsyz barlag üçin alan bolsaňyz, onda ýokarda bellenilip geçilen lizenziýa hukuklary Siziň talap edilýän abunalyk tölegini tölän, "BlackBerry" kompaniýasynyň ýa-da onuň resmi distribýutory tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwri üçin ulanylyp bilner.

Ähli halatlarda şu Şertnama esasynda berlen lisenziýa(lar) Size diňe içki we şahsy maksatlaryňyz üçin hem-de Ulanyş Düzgünlerine laýyklykda Programma üpjünçiligini ulanmaga ýa-da Hyzmatlardan peýdalanmaga rugsat berýär.

(b) Täzelenmeler we Üýtgetmeler. Şu ýerde berlen Şertnama we lisenziýa: (i) Programma üpjünçiliginiň ýa-da Üçünji Tarapyň Programma üpjünçiliginiň yzygiderli we geljekde hem täzelenip we üýtgedilip durulmagy; (ii) täze we üýtgetme girizilen Programma üpjünçiligini almaga hukuklaryň bardygyny aňlatmaýar. Ýokarda agzalanlara garamazdan, "BlackBerry" wagtal-wagtal Programma üpjünçiligi üçin täzelenmeleri we üýtgetmeleri çykaryp biler. Programma üpjünçiligine täzelenmeleri we üýtgetmeleri barlaýan funksiýalar girizilip bilner, sizden käbir Hyzmatlardan, gaýry täze Programma üpjünçiliginden, Üçünji Tarapyň Programma üpjünçiliginden ýa-da bir böleginden peýdalanmagyňyz üçin Programma üpjünçiligine ýa-da Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligine täzelenmeleri we üýtgetmeleri girizmegiňiz talap edilip bilner. Siziň Enjamyňyzyň programma üpjünçiligi täzelenmeleri we üýtgetmeleri girizmäge garşylyk görkezmeýän bolsa, siz hem şeýle görnüşde sazlan bolsaňyz, onda siz "BlackBerry" kompaniýasynyň wagtal-wagtal size şeýle täzelenmeleri we üýtgetmeleri elýeterli edip biljekdigi we bular babatda bildiriş edip biljekdigi (emma borçly däldigi) barada ylalaşýarsyňyz. Şu Şertnama esasynda Size "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen täzelenmeler we üýtgetmeler ýagdaýyna görä Programma üpjünçiligi, Hyzmatlar we Üçünji Tarapyň Programma üpjünçiligi hasaplanmalydyr.

(c) Köpetmek Hukuklary. Siz özüňize Hyzmatlaryň bir bölegi hökmünde elýeterli edilen Programma üpjünçiligini ýa-da Mazmuny bitewiligine ýa-da bölekleýin görnüşde ýaýradyp bilmeýärsiňiz we olara üýtgetme girizip bilmeýäriňiz. "BlackBerry" kompaniýasy kanunlara laýyklykda şu hereketleri gadagan etmedik ýagdaýlaryndan daşgary, Siz özüňize Hyzmatlaryň bir bölegi hökmünde elýeterli edilen Programma üpjünçiligini ýa-da Mazmuny göçürip we köpeldip bilmeýärsiňiz, şu Şertnamada, degişli Hyzmat üçin Resminamalarda we Ulanyş Düzgünlerine, şeýle hem Siziň bilen "BlackBerry" kompaniýasynyň we şahamçalayny arasynda baglaşylan aýratyn ylalaşyklarda anyk bellenip geçilenlerden daşgary islendik görnüşde göçürme nusgasyny alyp bilmeýärsiňiz. Şu düzgüniň ýerine ýerine ýetirilmegi maksady bilen, "göçürmek" we "köpeltmek" işlikleri progamma Resminamalarda bellenilip geçilen maksatlar üçin ulanylan ýagdaýynda, Programma üpjünçiligi ýüklenen Enjamyň Programma üpjünçiliginiň üýtgedilmedik görnüşde yzygiderli ätiýaçlyga alynýan wagty senagatda alnyp barylýan standart işewürlik hereketlerine laýyklykda Enjamyň Programma üpjünçiliginiň beýannamalaryny we görkezmelerini göçürmegi öz içine almaly däldir. Siz şahsy maglumatlaryňyzdan ýa-da içki ulanýan ýadyňyzdan gaýry Resminamalary we olaryň bir bölegini "BBM" Çözgütleri bilen bir hatarda ulanyp bilmeýärsiňiz.

4. Talap Edilýän Üçünji Tarapyň Önümleri we Üçünji Tarapyň Hyzmatlary. Siz "BBM" Çözgütleri bilen bilelikde ulanmak üçin öz saýlan Üçünji Taraplaryň Önümleriniň we Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiliginiň "BlackBerry" kompaniýasynyň iň pes talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmelisiňiz, bu talaplaryň çäginde Resminmalarda bellenip geçilen "BBM" Çözgütleri üçin talap edilýän Enjamyň programma üpjünçiligi we degişli internet aragatnaşygynyň elýeterliligi, siziň Üçünji Tarapyň Önümlerini ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny "BBM"Çözgütleri bilen bilelikde ulanmagyňyz arkaly şol Üçünji Tarapyň Önümleriniň we Hyzmatlarynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly lisenziýalaryň, düzgünleriň we şertleriň, kanunlaryň we kadalaşdyryjy namalaryň bozulmazlygy üpjün edilmeli. "BBM" Çögütlerini ulanmak üçin umuman Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň bolmagy talap edilýär. Siziň "BBM" Çögztlerini ulanmagyňyz bilen baglylykda Aragatnaşyk Hyzmatlary üçin töleg töledilip bilner, Siz çözgütleriň şeýle ulanylmagy üçin töleg töledilmegi üçin jogapkärdigiňiz barada "BlackBerry" kompaniýasy bilen şu şertnamada ylalaşýarsyňyz. Siziň Aragatnaşyk Hyzmatlaryny Üpjün Ediji Kärhanaňyz size elýeterli edilen Hyzmatlary we Üçünji Tarapyň Hyzmataryny çäklendirip biler. Siziň ýerleşýän ýeriňizde "BBM" Çözgütleriňizi haýsy Aragatnaşyk Kärhanasynyň goldaýandygy barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz legalinfo@blackberry.com elektron poçtasy arkaly "BlackBerry" kompaniýasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

5. Goşmaça Düzgünler.

(a) Sizden goşmaça düzgünler we şertler bilen ylalaşmagyňyz talap edilip bilner:
(i) Üçünji Tarapyň Düzüm Birlikleri (mysal üçin, açyk çeşme) bilen baglylykda we käbir Hyzmatlary we Mazmuny ulanmak ýa-da "BBM" Çözgütlerini täzelemegiňiz we özgertmegiňiz üçin "BlackBerry" kompaniýasy bilen;
(ii) Üçünji Tarapyň Zadyny ulanmak ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatyndan peýdalanmak, şol sanda "BBM" Çözgütleri arkaly girilýän üçünji tarapyň internet saýtlaryna girmek üçin üçünji tarap bilen;
(iii) "BBM" Çözgütleri bilen baglanyşykly ýa-da şol çözgüt arkaly satuw işini geçirmek üçin Bellige Alnan Satyjy ýa-da töleg amala aşyryjy bilen;
(iv) Aragatnaşyk Hyzmatary üçin Aragatnaşyk Kärhanasy bilen.

(b) Siz Üçünji Tarap bilen baglaşan islendik şertnamaňyzy berjaý etmek üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz we "BlackBerry" kompaniýasy Siziň üçünji taraplar bilen alyp barýan işleriňiz netijesinde çeken islendik görnüşdäki ýitgiňiz, ýeten zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýär. Eger-de Siz Mazmunyň,zadyň, önümiň ýa-da hyzmatyň "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan üpjün edilip edilmeýändigini anyk bilmeýän bolsaňyz legalinfo@blackberry.com elektron poçtasy arkaly "BlackBerry" kompaniýasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris. Eger-de siz üçünji taraplar bilen internet ulgamy arkaly ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatlarynyň üsti bilen işleşýän bolsaňyz, onda Siz şahsy maglumatlaryňyzy goramak we olaryň goraglylygyny üpjün etmek üçin kim bilen işleşýändigiňizi, şol ulanýan ýa-da peýdalanýan internet saýtlaryňyz, Üçünji Tarapyň Hyzmatlary ýa-da Üçünji Tarapyň Önümleri barada nähili düzgünleriniň we şertleriniň, şol sanda eltiş we töleg şertleriniň, ulanmagyň düzgünleriniň, ulanyjynyň lisenziýa düzgünleriniň, önümleri yzyna gaýtarmak ukyplarynyň, şahsy maglumatlaryň gizlinligi baradaky düzgünleriň, şahsy maglumalaryň üçin sazlamalaryň, howpsuzlyk funksiýalary bardygyny bilmäge üns beriň.

(c) Siziň we üçünji tarapyň arasynda baglaşylan goşmaça şertnamalar "BlackBerry" kompaniýasyna degişli däldir we oňa hiç hili ýagdaýda goşmaça borçnamalary, şeýle-de şu Şertnamanyň düzgünlerine laýyk gelmeýän borçnamalary ýüklemeýär. Siziň we "BlackBerry" kompaniýasynyň arasynda ylalaşylan düzgünler we şertler şu Şertnamada bellenip geçilen Üçünji Taraplaryň Önümlerine we Üçünji Taraplaryň Hyzmatlaryna degişli düzgünlere hukuk taýdan agalyk edýändir.

(d) Üçünji Tarapyň Düzüm Birligi üçin size şol Üçünji Tarapyň Düzüm Birligini bitewiligine ýa-da bölekleýin ulanmaga, göçürmäge, paýlamaga we üýtgetme girizmäge mümkinçilik berýän goşmaça düzgünler we şertler bellenen, şol düzgünler Programma üpjünçiligi üçin şu Şertnamadan bellenenlerden artykmaç bolan ýagdaýynda, onda siz Programma üpjünçiliginiň belli bir bölegini şu Şertnamanyň düzgünlerini we şertlerini bozmazdan şol artykmaç hukuklardan peýdalanyp bilersiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan size elýeterli edilen Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligine we Hyzmatlaryna (programma üpjünçiligini we Mazmunyny öz içine alýan) degişlilikde, şol Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligi we Hyzmatlary bilen bilelikde ýörite lisenziýa, düzgünleri we şertleri bolmadyk ýagdaýynda, ol Siziň ulanýan "BBM" Çözgüdiňiziň bir bölegini düzýän Programma Üpjünçiligi we Hyzmatlar (bar bolsa) hökmünde şu Şertnamanyň düzgünlerine we şertlerine laýyklykda hem-de "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan "BOLŞY ÝALY" we "ELÝETERLI" ýagdaýda, "BlackBerry" kompaniýasynyň we Siziň araňyzda hiç hili anyk ýa-da ýaňzydylan şertler, goldaw, kepillik, wekilçilik ýa-da ygtyýar bellenmezden berlen bolmagy, şu Şertnamada öz Programma Üpjünçiligi üçin däl-de Üçünji Tarapyň Önümleri we Üçünji Tarapyň Hyzmatlary üçin bellenip geçilen jogapkärçiliklere çäklendirmeler, kadadan çykmalar we ýüz öwürmeler, şeýle puly yzyna gaýtarmak barada düzgünler girizilmezden ulanylmagy şertlerinde ulanylmalydyr.

6. "BBM" Çözgütlerine Üýtgetme Girizilmegi ýa-da onuň Dowam Etmezligi.

(a) "BBM" Çözgütlerine Üýtgetme Girizilmegi ýa-da onuň Dowam Etmezligi. Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň Size üçin jogapkärçilik çekmän we bildiriş etmän islendik wagt "BBM" Çözgüdine ýa-da bir bölegine hemişelik ýa-da wagtlaýyn görnüşde üýtgetme girizip, goýbolsun edip, ony dowam etdirip, bozup, çäklendirmeleri girizip, işini ýatyryp biler. "BlackBerry" kompaniýasynyň Hyzmatlara dowam etmezligi (şeýle ýagdaýda Siziň Hyzmatlara ýörite girýän Programma üpjünçiligiňiziň lisenziýasynyň öz-özünden bes edilýär) şertlerinde, eger-de siz Hyzmatlardan belli bir döwür peýdalanmak üçin töleg tölän we şu Şertnamany bozmadyk bolsaňyz, onda siz töleg tölän Bellige Alnan Satyjyňyzdan ýa-da tölegleri amala aşyryjyňyzdan Hyzmatlar üçin tölän tölegiňiziň ählisini ýa-da bir bölegini Hyzmatlar üçin hereket edýän yzyna gaýtaryş ýörelgelerinde bellenip geçilen görnüşde yzyna gaýtarmagy talap edip bilersiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy özüniň "BBM" Çözgütlerini ýa-da onuň bir bölegini hemişelik bes eden halatynda Siziň şeýle tölegi yzyna almaga doly hukugyňyz bar, Bellige Alnan Satyjy we tölegleri amala aşyryjy hem tölegi yzyna gaýtarmak üçin doly jogapkärçilik çekýär.

(b) Bejeriş. Ýokarda agzalanlary çäklendirmezden, Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň programma üpjünçiligindäki kemçilikleri düzetmek, täzelenmeleri girizmek, anyklaýyş işlerini hem-de gaýry bejeriş işlerini geçirmek maksady bilen "BBM" Çözgüdine ýa-da bir bölegine girişi döwürleýin görnüşde bes edip biljekdigi ýa-da "BBM" Çözgüdiniň ýa-da bir böleginiň işini togtadyp biljekdigi barada ylalaşýarsyňyz.

7. Siziň Goşandyňyz we Gaýry Mazmunlar.

(a) Bellikler. Siz "BBM" Çözgütleri hakynda "BlackBerry" kompaniýasyna arza-şikaýatlary, pikirleriňizi we bellikleri ugradyp bilersiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy ýazmaça beýanat bermedik bolsa, siz "BlackBerry" kompaniýasyna "BBM" Çözgüdi barada ugradan ähli bellikleriňiziň, arza-şikaýatlaryňyzyň, teswirleriňiziň, teklipleriňiziň, pikirleriňiziň, konsepsiýalaryňyzyň we üýtgetmeleriňiziň "BlackBerry" kompaniýasynyň eýeçiligine geçýändigi babatda ylalaşýarsyňyz; ähli degişli intellektual eýeçilik hukuklary, şol sanda eger siz Ýaponiýanyň raýaty bolsaňyz, Ýaponiýanyň Awtorlyk hukuklary baradaky kanunynyň (bilelikde "Bellikler") 27-nji we 28-nji maddalaryna laýyklykda "BlackBerry" kompaniýasyna Siziň oňa degişli hukuklary, eýeçiligini we bähbitlerini berýärsiňiz. Siz "BlackBerry" kompaniýasyna bilkastlaýyn görnüşde üçünji tarapyň intellektual eýeçilik hukuklaryna degişli Bellikleri bilkastlaýyn ugratmaly dälsiňiz. Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň Belliklere eýeçilik etmegini tassyklamak we degişli intellektual eýeçilik hukuklaryny we gizlin maglumatlary hasaba almagyny ýa-da gorag astyna almagyny üpjün etmek üçin "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan soralan goşmaça resminamalara gol çekmek we hereketleri berjaý etmek arkaly "BlackBerry" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşýarsyňyz.

(b) Ulanyjynyň Mazmuny, Üçünji Tarapyň Önümleri. "BlackBerry" kompaniýasy däl-de Siz öz goýan Mazmunyňyz üçin özbaşdak jogapkärçilik çekýärsiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy Size ulanyjylar tarapyndan elýeterli edilen "BBM" Çözgüdini ýa-da "BBM"Çözgüdi bilen bile ulanylýan Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulanmagyňyz bilen baglanyşykly Mazmuna we Üçünji Tarapyň Önümlerine gözegçilik etmeýär, 17-nji bölümde jogapkärçiliklerden boýun gaçyrylýan bölümde bellenip geçilenlere goşmaça hökmünde "BlackBerry" kompaniýasy Üçünji Taraplaryň Önümleriniň tertibini, bitewiligini, hilini kepillendirmeýär we oňa jogapkärçilik çekmeýär. "BlackBerry" kompaniýasy "BBM" Çözgütleri babatda amallary we çäklendirmeleri girizip biler, şol sanda Mazmun ýatda saklanyp bilner, internetde goýlan Mazmunyň, hatlaryň we söhbetdeşlikler köp wagtlap islendik Hyzmatlaryň çäginde (şol sanda "bulut" ulgamynda) hem-de Siz islendik Mazmuny ulanmaga dowam edýän döwrüňizde saklanyp bilner. Siz "BlackBerry" ýa-da "BlackBerry" kompaniýasynyň golçurlary tarapyndan elýeterli edilýän Mazmuny Hyzmatlara çatylmak arkaly Hyzmatlar üçin ulanylýan lisenziýa şertlerine we düzgünlerine laýyklykda şahsy maksatlaryňyz üçin ulanyp bilersiňiz. Ýokarda bellenip geçilen çäklendirmeler degişli Hyzmatlar bilen baglylykda Resminamalarda giňişleýin düşündiriler, şol ýerde siz özüňiz bilen tanyşdyrmaly we wagtal-wagtal "BlackBerry" kompaniýasynyň girizip biljek täzeliklerini gözden geçirmeli. Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň islendik Mazmunyň ýitirilmegi, bozulmagy, birugsat aralaşylmagy ýa-da ýatda saklap bolmazlygy hiç hili jogapkärçilik çekmeýändigi, siziň bu işler üçin zerur bolan hukuklaryňyzyň bardygy sebäpli siz üçin zerur bolan islendik Mazmunyň ätiýaçlyk göçürmesini saklamalydygyňyz babatda ylalaşýarsyňyz.

(c) Siziň Mazmunyňyz. Şu Şertnamada we onuň goşmaçalaryndan anyk bellenip geçilenlerden daşgary, şu Şertnama laýyklykda siziň eýeçiligiňizdäki Mamzunyň eýeçiligi "BlackBerry" kompaniýasyna geçirilmeýär. Siziň "BBM" Çözgüdiniň çäginde beýleki "BBM" Çözgüdini ulanyjylara elýeterli edilip goýlan Mazmunyňyza, şol sanda siziň "BBM" kontaktlaryňyz we "BBM" Çözgüdini ulanýan beýleki ulanyjylar tarapyndan girilýän "BBM" Toparlar we beýleki söhbetdeşlik gurşawlaryna degişlilikde, Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň şol Mazmuny size ""BBM" Çözgüdinde üpjün etmegi maksady bilen "BBM" Çözgüdiniň ýa-da onuň bir böleginiň üpjün edilmegi we dolandyrylmagy üçin zerur bolandygyndan ötri ulanmagy, paýlamagy, köpeltmegi, üýtgetme girizmegi, uýgunlaşdyrmagy, görnetin käbir işleri geçirmegi we görkezmegi üçin bütindünýä möçberinde, hemişelik, yzyna gaýtaryp bolmaýan, geçirip bolýan, awtorlyk hukugy bolmadyk we aýratyn bolmadyk lisenziýa berýärsiňiz. Siziň "BBM" Çözgüdiniň beýleki jähetlerden elýeterli eden Mazmunyňyza degişlilikde, Siz "BlackBerry" kompaniýasyna size "BBM" Çözgüdi arkaly üpjün edilmegi talap edilýän şeýle Mazmuny ulanmagy, paýlamagy, köpeltmegi, üýtgetme girizmegi, uýgunlaşdyrmagy, görnetin käbir işleri geçirmegi we görkezmegi üçin bütindünýä möçberinde, hemişelik, yzyna gaýtaryp bolmaýan, geçirip bolýan, awtorlyk hukugy bolmadyk we aýratyn bolmadyk lisenziýa berýärsiňiz. Siz şeýle-de "BlackBerry" kompaniýasyna her iki halatda hem şeýle lizenziýany bermek babatda ylalaşýarsyňyz.

(d) Närazylyk Bildirilýän Mazmun we Üçünji Tarapyň Önümleri. Siz "BBM" Çözgüdini ýa-da Üçünji Tarapyň Çözgüdini ulanmak arkaly Siziň ýerliksiz, wejera, nälaýyk, başgaça aýdylanda närazylyk bildirip biljek Mazmuna we Üçünji Tarapyň Önümlerine duş gelip biljekdigiňize düşünýärsiňiz. "BlackBerry" we onuň bellän şahslarynyň siziň Mazmunyňyzy we Üçünji Tarapyň Önümlerini "BBM" Çözgüdinden öňünden barlamaga, ret etmäge we bozmaga hukugy bardyr.

(e) Ene-Atanyň Gözegçiligi we Ýetginjekleriň Gözegçiligi. "BBM" Çözgütleriniň ýa-da Üçünji Taraplaryň Hyzmatlarynyň bölümlerinde Size käbir Mazmunlary, Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny ýa-da üçünji taraplary blokirlemek we kompýuter süzgüçlerinden geçirmek üçin sazlanýan bölümleri bolup biler. Şeýle sazlamalary öz islegleriňize laýyklykda saýlaýandygyňyz we ulanýandygyňyz üçin Siz doly jogapkärçilik çekýärsiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy şeýle sazlamalaryň ýalňyşsyz bolmagyny, ähli degişli Mazmuny, Hyzmatlary, Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny ýa-da üçünji taraplary blokirlemegini, "BBM" Çözgüdini ulanýanlar tarapyndan öçürilmegini ýa-da gatlyşylmagyny kepillendirmeýär. Eger-de Siz öz çagaňyza "BBM" Çözgüdini ýa-da onuň bir bölegini ulanmaga rugsat beren halatyňyzda, çagaňyz üçin laýyk bolan ýörite Hyzmaty, Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ýa-da Üçünji Tarapyň Zadyny kesgitlemek üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Siz çagaňyzyň "BBM" Çözgüdini we Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulanmagy, şol sanda onuň ulanmagy bilen bagly töledilen maddy tölegler we beýleki borçnamalar üçin doly jogapkärçilik çekýärsiňiz.

8. Adatdan Daşary Ýagdaýlar. "BBM" Çözgüdi umumy telefon ulgamyna (TfOP) çatylan, beýleki enjamlar bilen aragatnaşyga geçmek üçin telefon belgilerini ulanýan, Siziň adaty ykjam telefonyňyzy ýa-da adaty telefonyňyzy üýtgetmegiňiz üçin niýetlenen däldir. Mundan başga-da, Siz "BBM" Çözgüdiniň Siziň adaty ýa-da simsiz ykjam telefonyňyzyň ýerine niýetlenen däldigi, ony "911", "112", "999", "000" we ulanyjyny ýerli telekommunikasiýa kanunlaryna beýleki jemagat howpsuzlyk ulgamlarynyň jogap beriş bölümlerine we tiz kömek gulluklaryna ("Tiz Kömek Gullugy") çatýan belgilere jaň etmek üçin ulanylmaly däldigi babatda ylalaşýarsyňyz. Tiz kömek gulluklaryna edilen jaňlar "BBM" Çözgüdi arkaly amala aşyrylmaýar. Siz Tiz Kömek Gullugy bilen aragatnaşyga geçmek üçin "BBM" Çözgüdinden başga işleriň geçirilmelidigine, "BBM" Çözgütleri arkaly Tiz Kömek Gullugyna çatylyp bilmändigi sebäpli ýeten şikes, ölüm we zyýan sebäpli "BlackBerry" Kompaniýalar Toparynyň, onuň ýolbaşçylarynyň, direktorlarynyň we işgärleriniň hiç hili jogapkärçilige çekilmeýändigine düşünýärsiňiz we bu babatda ylalaşýarsyňyz.

9. Intellektual Eýeçilik. Siziň şu Şertnama laýyklykda "BBM" Çözgüdi we onuň bir bölegi bilen baglanyşykly intellektual emläge we gaýry eýeçilik hukugyna, şol sanda patentlere, taslama çyzgylaryna, söwda belgilerine, awtorlyk hukuklaryna, maglumat binýadynyň hukuklaryna ýa-da gizlin maglumatlara we täjirçilik syrlaryna degişli hukuklara, şol sanda "BlackBerry" Kompaniýalar Topary we "BBM" Çözgüdiniň belli bir bölegini üpjün edijiler tarapyndan üpjün edilýän Mazmuna bolan eýeçilik hukugyňyz ýa-da bähbidiňiz ýokdur. Hususan-da siz Ýaponiýada ýaşaýan bolsaňyz, şu Şertnamanyň üsti bilen siz "BBM" Çözgüdi we onuň bir bölegi bilen baglanyşykly hiç hili intellektual ýa-da maddy däl emläge hem-de gaýry eýeçilik hukugyna, şol sanda patentlere, taslama çyzgylaryna, söwda belgilerine, awtorlyk hukuklaryna, döredijilik hukuklaryna (ýapon dilinde "çosakusa jinkakuken"), maglumat binýadynyň hukuklaryna ýa-da gizlin maglumatlara we täjirçilik syrlaryna (ýapon dilinde "eigyo himitsu") degişli hukuklara, şol sanda "BlackBerry" kompaniýasy we golçurlary, "BBM" Çözgüdiniň belli bir bölegini üpjün edijiler tarapyndan üpjün edilýän Mazmuna bolan eýeçilik hukugyňyz ýa-da bähbidiňiz ýokdur. Şu Şertnama ýa-da Siziň we "BlackBerry" kompaniýasynyň arasynda özara baglaşylan ýazmaça şertnama laýyklykda size anyk lizenziýasy berlen, degişli Resminamalarda görkezilen hukuklardan daşgary, Siz "BBM" Çözgüdi ýa-da onuň bölegi, şeýle-de Hyzmat arkaly size elýeterli edilen Mazmun bilen baglanyşykly lisenziýa hukuklaryny alyp bilmeýärsiňiz. Şu Şertnamada anyk görnüşde berilmedik hukuklaryň ählisi goralýandyr. Has anyk düşündirilmegi üçin, şu Şertnamada agzalyp geçilen ähli düzgünlere garamazdan, "BBM" Çözgüdinde berlen patentleriň özbaşdak görnüşde ýa-da "BBM" Çözgüdi bilen bilelikde işläp Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny ýa-da Üçünji Tarapyň Önümlerini ulanylyşynyň gerimini ýaýbaňlandyrýar diýip düşünilmeli däldir; ýokarda aýdylanlary çäklendirmezden, şu Şertnama arkaly berilýän lisenziýalar Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny we Üçünji Tarapyň Önümlerini üpjün edijiler şol Üçünji Tarapyň Hyzmatlarynyň we Üçünji Tarapyň Önümleriniň özbaşdak, "BBM" Çözgütleri bilen bilelikde ýa-da onuň bölegi hökmünde ulanylmagy sebäpli "BlackBerry" kompaniýasynyň patentlerine girýär ýa-da şu Şertnama laýyklykda lisenzirlenýär diýen pikiri öňe sürmegine esas döretmeli däldir. Şu Programma üpjünçiliginiň we şol Programma üpjünçiliginiň göçürme nusgasynyň lisenziýasy Size berilýän däldir; "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan "BBM" Çözgüdiniň ýa-da siziň Hyzmatlardan peýdalanýan saýt(lar)yňyzyň bir bölegi hökmünde Size berilýän Programma üpjünçiligi, Resminamalar we islendik görnüşli Mazmun Kanadanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we halkara awtorlyk hukuklary we patent kanunlary, halkara ylalaşyklar arkaly goralýar. Intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy üçin berk raýat-hukuk jerimeleri we jenaýat işi gozgalyp, jeza beriljekdir. Siz şu Şertnamada "BlackBerry" kompaniýasynyň we Hyzmatlary üçin Mazmunyny üpjün edýänleriň "BlackBerry" kompaniýasynyň we onuň Mazmun üpjünçileriniň intellektual eýeçilik we gaýry eýeçilik hukuklaryny goramak üçin kanunlara laýyklykda peýdalanýan hiç bir serişdesiniň kazyýet goragynda ulanyljak we salgylanyljak hukuklara, şol sanda siziň döwletiňizde kazyýet tarapyndan gadaganlyga we şuňa meňzeş çärelere oňaýsyz täsir etmeli däldigi barada ylalaşýarsyňyz. Eger-de Siz (i) awtorlyk hukuklary barada kanunlary bolmadyk döwletde ýaşaýan bolsaňyz; ýa-da (ii) şu Şertnama esasynda lisenziýasy alnan programma üpjünçiliginiň hukuklaryny goramaýan awtorlyk hukuklary barada kanunlary bolan döwletde ýaşaýan bolsaňyz, onda siz ýurduňyzda bar bolan degişli kanunlar esasynda alýan borçnamalaryňyz bilen bilelikde, "BBM" Çözgüdinden we Üçünji Taraplardan peýdalanýandygyňyz üçin Kanadanyň Awtorlyk Hukuklary barada Kanunyny ulanmak babatda ylalaşýarsyňyz.

10. Eksport, Import, Çäklendirmeler we ABŞ-yň Hökümet Lisenziýalary. Programma üpjünçiliginde kriptografik tehnologiýalar bolup biler we Siz degişli hökümet edaralarynyň kanunlaryna we kadalaşdyryjy namalaryna laýyk gelmedik halatynda onuň eksport we import edip, ulanyp, geçirip we gaýtadan eksport edip bolmaýandygy babatda ylalaşýarsyňyz. Siz şu Şertnamanyň üsti bilen: (A) degişli kanunlara laýyklykda şu Programma üpjünçiligini almaga hukugyň bardygy barada habaryňyzyň bardygyna, ABŞ tarapyndan embargo goýmadyk ýa-da ABŞ tarapyndan terroçylygy goldaýan döwlet hasaplanýan döwletde ýaşamaýandygyňyza, ABŞ tarapyndan gadagan edilen partiýalaryň sanawynda däldigiňize; (B) şu Programma üpjünçiligini himiki, biologik ýa-da ýadro ýaraglaryny ýa-da olaryň snarýad goýberiş ulgamlaryny, şeýle ýaraglarda ýa-da snarýad goýberiş ulgamlarynda ulanylýan materiallary ýa-da enjamlary kämilleşdirmekde, öndürmekde, işleşmekde, bejermekde, saklamakda, açmakda, anyklamakda ýa-da ýaýratmakda ulanmajakdygyňyza, şu işler bilen meşgullanýan hiç kime ýa-da hiç bir edara bölekleýin satmajakdygyňyza ýa-da eksport etmejekdigiňize güwä geçýärsiňiz. Üçünji tarap bilen baglaşylan islendik şertnama ýa-da islendik kanunyň, kadalaşdyryjy namanyň ýa-da gözükdirmeleriň düzgünlerine garamazdan, eger-de siz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet edarasy bolsaňyz we "BlackBerry" kompaniýasy bilen araňyzda baglaşylan hem-de "BlackBerry" kompaniýasynyň Ýerine Ýetiriji Direktory tarapyndan gol çekilen ýörite şertnama bolmasa, onda Siziň şu Programma üpjünçiligi bilen bagly hukuklaryňyz şu Şertnamada bellenip geçilenlerden artykmaç bolmaz.

11. Howpsuzlyk, Hasaplar we Parollar.

(a) Hasaplaryň we Parollaryň Ulanylmagy. Siz özüňiziň "BBM" Çözgüdiňize, şol sanda Programma üpjünçiligini gurnan Enjamyňyza girişi gözegçiligine almak üçin degişli howpsuzlyk çärelerini geçirmek üçin doly jogapkärçiligi öz üstüňize alýarsyňyz. Ýokarda bellenip geçilenler bilen çäklenmezden, Siz güýçli parollary saýlap almaga, "BBM" Çözgüdiňize ýa-da onuň bir bölegine girmek üçin ulanylýan ähli parollaryň, şol sanda "BBM" Çözgüdiňiz bilen baglanyşykly "Blackberry ID" girmek üçin ulanýan parollaryňyzyň howpsuzlygyny we gizlinligini üpjün etmek babatda ylalaşýarsyňyz. Siz şeýle-de öz parollaryňyzy, hasabyňyzy ulanmak arkaly amala aşyrylýan işler, şol sanda şeýle işler bilen baglanyşykly töledilen tölegler we gaýry borçnamalar üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň Tehniki Goldaw Bölümine ýüz tutup, öz "BBM" Çözgüdiňiziň islendik bölegine, şol sanda "BBM" Çözgüdiniň islendik böleginiň parollaryna birugsat aralaşylýandygy haýal etmän barada habar bermelisiňiz (www.blackberry.com/support salgysynda ýerleşýän maglumatlara serediň). "BlackBerry" kompaniýasy şeýle habar alnandan soň degişli çäreleri görüp biler, ýöne bu çäreleri geçirmek üçin borçly däldir. "BlackBerry" kompaniýasyna şeýle duýduryşy bermek Siziň parollaryňyzy ýa-da hasaplaryňyzy ulanmak arkaly amala aşyrylýan ähli işler üçin jogapkärçilikden boşatmaýar.

(b) BlackBerry ID. Sizde entek "BlackBerry ID" belgisi ýok bolsa, onda Sizden "BBM" Çözgüdiňize girmek we ondan peýdalanmak üçin birini döretmeli bolarsyňyz. Bu belgi bir gezek döredilenden soň, Siz "BlackBerry ID" belgiňizi bu belgini ulanýan we Siziň ulanmaga hukukly bolan gaýry önümlerden ýa-da hyzmatlardan ("BlackBerry ID" Bilen Girilýän Hyzmatlar) peýdalanmak üçin ulanyp bilersiňiz. "BlackBerry" kompaniýasy bilen Siziň araňyzda Siziň "BlackBerry ID" belgiňizi şeýle önümler we hyzmatlar bilen bilelikde ulanmagyň gaýry düzgünleri we şertleri babatda ylalaşmadyk bolsaňyz, Siz "BlackBerry ID" belgisiniň, Hyzmat we "BBM" Çözgüdiniň ulanylmagy babatda şu Şertnamanyň düzgünleriniň we şertleriniň ulanylýandygy babatda ylalaşýarsyňyz; bu düzgünler "BlackBerry ID" belgisine we "BlackBerry ID" Bilen Girilýän Hyzmatlar, şol sanda aşakdakylar bilen çäklendirmezden 2-nji, 3-nji, 5-nji, 6-njy, 9-njy, 12-nji, 16-njy, 17-nji, 18-nji, 19-njy, 20-nji hem-de şu 11-nji bölüm üçin hem ulanylýar. Mundan başga-da, "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnamanyň siziň "BlackBerry ID" belgisini ulanmagy we "BlackBerry ID" Bilen Girilýän Hyzmatlardan peýdalanmagy bes etmegiňiz üçin ýatyrylandygyny görkezen bolmasa, Siz "BlackBerry ID" belgisinden we "BlackBerry ID" Bilen Girilýän Hyzmatlardan peýdalanýan wagtyňyz şu Şertnamanyň bes edilmegi şeýle düzgünleriň we şertleriň hukuk güýjüne täsir etmeýär.

12. Gizlinlik we Tersine Inženerçilik. Siz "BBM" Çözgüdiniň (a) "BlackBerry" kompaniýa we "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan sarp edilen ep-esli wagtyň we serişdeleriň netijesinde kämilleşdirilendigini; (b) "BBM" Çözgütleriniň düzüminde "BlackBerry" kompaniýasyna, "BlackBerry" Kompaniýalar Toparyna we onuň üpjünçilerine degişli gizlin maglumatlaryň, şol sanda täjirçilik syrlarynyň (eger siz Ýaponiýanyň ýaşaýjysy bolsaňyz, täjirçilik syrlaryna ýapon dilinde "eigyo himitsu") bardygyny tassyklaýarsyňyz we bu babatda ylalaşýarsyňyz. Bu Şertnama size "BlackBerry" kompaniýasyndan, "BlackBerry" Kompaniýalar Toparyndan we onuň üpjünçilerinden ýa-da onuň distribýutorlaryndan Programma üpjünçiligi, Hyzmatlar, Üçünji Tarapyň Önümleri we Üçünji Tarapyň Hyzmatlary üçin çeşme koduny almaga hiç hili hukuk bermeýär, muňa "BlackBerry" kompaniýasyna şeýle işleri gadagan etmäge kanun taýdan rugsat berilmezligi halatlary degişli däldir. Siz Siz Programma Üpjünçiligine, Hyzmatlara, Üçünji Tarapyň Önümlerine we Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryna üýtgetme girizmeli, özgertmeli, uýgunlaşdyrmaly, ýasama işleriň döredilmegi, başga programma öwürmek, zaýalamak ýa-da Tersine Inženerçilik usullaryny ulanmaly däldigi, şeýle işlere synanyşmaly däldigi, gaýry taraplara şeýle işleri etmegi üçin rugsat bermeli, ylalaşmaly, ygtyýarlandyrmaly we höweslendirmeli däldigi babatda ylalaşýarsyňyz. Şu Şertnamanyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen, "Tersine Inženerçilik" adalgasy maglumaty, programma üpjünçiligini (şol sanda interfeýsler, protokollar, programma bilen bilelikde girizilen, programma kody hasaplanmaýan maglumatlar), hyzmaty, şaýlary, maglumatlary ýa-da programmalary alýan we adam düşüner ýaly öwürýän islendik usuly ýa-da hadysany tersine inženerçilik usullary bilen işlemek, başga programma öwürmek, düzümini sökmek, çeşme koduna öwürmek, kodlaryny aýyrmak ýa-da gurluşyny bozmak (şol sanda RAM/ROM ýadynyň ýa-da hemişelik ýadyň ýarylmagy, simli we simsiz aragatnaşykda gözegçilik etmek, funskiýalarynyň tersine inženerçilik arkaly özgerdilmegi) ýaly düşünjeleri öz içine alýar.

13. Möhlet. Şu Şertnama Siz şu Şertnamanyň düzgünlerine we şertlerine tabyn bolan döwrüňiz öz hukuk güýjüni saklaýar we şu ýerde bellenilip geçilen düzgünlere laýyklykda bes edilmedik halatynda dowam edýär.

14. Kanuny Goragy we Şertnamany Bes Etmek.

"BlackBerry" kompaniýasynyň şu Şertnamada bellenilip geçilen hukuklaryndan we kanuny goraglaryndan başga-da:

(a) Eger-de Siz şu Şertnamany bozsaňyz, "BlackBerry" kompaniýasy ýa-da onuň agenti, borçly däldigine garamazdan, degişli çäreleri görüp biler. Şeýle çäreleriň hataryna Siziň "BBM" Çözgütleriňizi ýa-da "BBM" Çözgüdi bilen bilelikde ulanylýan Üçünji Tarapyň Zadyny bitewiligine ýa-da bölekleýin görnüşde haýal etmän wagtlaýyn togtadyp ýa-da bes edip biler

(b) "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnama ýa-da kanunlar arkaly berilýän ähli gaýry hukuklary we kanuny goraglary, mundan başga-da (i) "BlackBerry" kompaniýasy ýa-da "BlackBerry" kompaniýasynyň golçurlary bilen baglaşylan şu Şertnamany, goşmaçalaryny we gaýry şertnamalary bozan, şol sanda islendik tölegi otuz (30) günüň dowamynda töläp bilmezlik arkaly bergili bolan ýagdaýyňyzda siziň ulanýan "BBM" Çözgüdiniň bir bölegi üçin "BlackBerry" kompaniýasy bilen Siziň araňyzda baglaşylan şu Şertnamany we gaýry lisenziýa şertnamasyny haýal etmän ýatyryp biler; (ii) "BBM" Çözgüdi bilen baglanyşykly islendik Hyzmat(lar)y bermegi bes edip biler. "BlackBerry" kompaniýasyna dogry maglumatlary beren ýagdaýyňyzda, "BlackBerry" kompaniýasy size şertnamanyň ýatyrylandygy barada duýduryşy bermek üçin ähli tagallalary eder.

(c) Mundan başga-da, "BlackBerry" kompaniýasy hiç hili jogapkärçiligi öz üstüne almazdan "BBM" Çözgüdiniň bitewiligine ýa-da bölekleýin görnüşde bes edip biler. Eger-de "BlackBerry" kompaniýasy üçin hukuk goraýjy ýa-da hökümet edarasy tarapyndan berlen islendik görnüşdäki kanun, kadalaşdyryjy hukuk namasy, talapnama ýa-da buýruk esasynda "BBM" Çözgüdiniň dolulygyna ýa-da bitewiligine bes eden bolsa, şeýle-de hökümet edarasy tarapyndan berlen habarnamada "BlackBerry" kompaniýasynyň "BBM" Çözgüdini hödürlemegine rugsat ediljek däldigi görkezilen bolsa, şu şertnamadaky hiç bir ýazgy "BlackBerry" kompaniýasy şeýle kanundan, kadalaşdyryjy hukuk namasyndan, gadaganlykdan ýüz öwürmeli, kazyýet tarapyndan täzeden gözden geçirilmegini talap etmeli ýa-da kazyýete ýüz tutmaly diýlip düşünilmeli däldir. "BlackBerry" kompaniýasy mümkingadar Tölegli Hyzmatlar şeýle görnüşde ýatyrylmazyndan azyndan otuz (30) gün öňünden habar bermek üçin ähli tagallalary eder.

(e) Şu Şertnamalarda anyk bellenip geçilen düzgünlerden daşgary, "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnama laýyklykda şu Şertnamanyň, onuň üsti bilen berlen hukuklaryň ýa-da lisenziýalaryň ýatyrylmagy üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

(f) "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan şu Şertnama laýyklykda şeýle şertnamalaryň, hukuklaryň we lisenziýalaryň hukuk taýdan ýatyrmagy üçin siziň Döwletiňizden kazyýet ýa-da administratiw rugsat, tassyknama ýa-da çözgüt almagy hökmany däldir. Eger-de Siz Indoneziýanyň, siz Indoneziýanyň Raýat Kodeksiniň 1266-njy maddasynyň düzgünlerinden boýun gaçyrmaly bolýarsyňyz, şeýlelikde şu Şertnamanyň öz düzgünlerine laýyklykda ýatyrylmagy üçin kazyýetden buýruk ýa-da höküm çykarylmaly bolmaz.

15. Şertnamanyň Ýatyrylmagynyň Hukuk Güýjüne Girmegi. Şu Şertnama ýatyrylan badyna, "BBM" Çözgüdiniň ýa-da onuň bir böleginiň düzgünleri, Siziň abuna bolan ýa-da muzdsyz ulanýan "BBM" Çözgüdiňiziň möhleti dolan we ýatyrylan ýagdaýynda (a) Siz haýal etmän "BBM" Çözgüdini ýa-da onuň bir bölegini ulanmagy bes etmeli, Siziň gözegçiligiňizdäki eýeçiligiňizdäki we gözegçiligiňizdäki Programma üpjünçiliginiň ähli göçürmelerini bozmaly; şeýle-de Şertnama ýatyrylman, Programmanyň elementleri, lisenziýasy ýa-da degişli Hyzmatyň düzgünleri ýatyrylan bolsa (b) "BlackBerry" kompaniýasynyň Size duýduryş bermän Programma üpjünçiligi ýa-da Hyzmat arkaly islendik bir maglumatyň geçirilmegini blokirlemäge hukugy bardyr. Siziň "BBM" Çözgüdini ýa-da onuň bir bölegini ulanmak üçin lisenziýaňyz ýatyrylan ýa-da möhleti gutaran ýagdaýynda, siz "BlackBerry" kompaniýasyna Siziň hasabyňyzdaky ähli faýllary, programmalary, maglumatlary we hatlary, degişli bölegini Size habar bermän bozmagy üçin ygtyýar berýärsiňiz. Siz tölenmeli ähli tölegler, şol sanda "BBM" Çözgüdiniň we Üçünji Tarapyň Önümleriniň degişli böleginiň tamamlanýan möhleti we Siziň ygtyýarlandyran töleg görnüşiňize töledilýän möçberler üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Şu Şertnama "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan şu Şertnamanyň öz düzgünlerine laýyklykda ýatyrylan halatynda, Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň bellenip geçilen hukuklaryň güýje girizilmegi üçin sarp eden we töledýän ähli töleglerini (degişli aklawçylaryň tölegleri we çykdajylary) we degişli harajatlary tölemelisiňiz.

16. Siziň "BBM" Çözgüdiňiz üçin Jogapkärçiligiňiz. Siz "BBM" Çözgüdini ulanýanýandygyňyz üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz hem-de "BlackBerry" kompaniýasyna, "BlackBerry" Kompaniýalar Toparyna, olaryň üpjünçilerine, oruntutarlaryna, agentlerine, resmi distribýutorlaryna (şol sanda Aragatnaşyk Hyzmatlaryny Üpjün Edýän Kärhäna) we bellän şahslaryna, her bir edaranyň müdirlerine, ýolbaşçylaryna, işgärlerine we garaşsyz potratçylaryna islendik görnüşli zyýanyň, ýitginiň, çykdajylaryň ýa-da harajatlaryň (şol sanda degişli aklawçylaryň çykdajylary) öwezini dolmak babatda ylalaşýarsyňyz. olaryň Siziň "BBM" Çözgüdinden peýdalanmagyňyz, Siziň şu Şertnamany ýa-da onuň goşmaçalaryny bozandygyňyz ("Ýitgiler"), üçünji tarap tarapyndan bildirilen arz-şikaýat ýa-da gozgalan kazyýet işi sebäpli çekilen Ýitginiň öwezini dolmak babatda ylalaşýarsyňyz. "BlackBerry" kompaniýasyna berlen hiç bir kanuny gorag serişdesi şu Şertnamada bellenip geçilenlerden aýratyn däldir we aýratyn diýlip düşünilmeli däldir. Bu kanuny goraglar kanunlar we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda berlen bolup, ähli kanuny gorag serişdeleriň üsti ýetirilip duruljakdyr.

17. Kepillikler; Jogapkärçiliklerden Boýun Gaçyrmak.

KÄBIR DÖWLETLERIŇ KANUNLARY ALYJYLAR BILEN BAGLAŞYLAN ŞERTNAMALARDA JOGAPKÄRÇILIKLERIŇ ÇÄKLENDIRILMEGI, KEPILLIKLERIŇ, ŞERTLERIŇ, GOLDAWLARYŇ WE GÜWÄLIKLERIŇ GIRIZILMEZLIGINE RUGSAT BERMEÝÄDIGINDEN ÖTRI, ŞU KADADAN ÇYKMALAR SIZ ÜÇIN ULANYLYP BILNER.

(a) BBM Çözgüdi. "BlackBerry" kompaniýasy "BBM" Çözgüdini üns we hünärmenlik bilen üpjün eder. "BlackBerry" kompaniýasy "BBM" çözgüdi babatda hiç hili wada ýa-da kepillik bermeýär, hususan-da aşakdaky ýaly gaýry birmeňzeş kepillikleri bermeýär:
(i) Siziň "BBM" Çözgüdiňiz üznüksiz, hatasyz işlär we işlemäge dowam eder;
(ii) Siziň "BBM" Çözgüdiňiz, şol sanda Siziň ugradan ýa-da Size ugradylan, şeýle Siziň ulgamynda ýadynda saklan ýa-da siziň adyňyzdan saklanýan hatlar, Mazmun ýa-da maglumatlar babatda hiç hili ýitgi çekmersiňiz, hiç hili näsazlyk, hüjüm, wirus, goşulyşmak, hakerlik synanyşyklary we howpsuzlyk ulgamyna birugsat aralaşmak ýaly hereketler bolmaz, olar işleýän döwründe tertipli we abat görnüşde geçiriler.

(b) Umumy Kepillikler.
(i) ŞU ŞERTNAMADA ANYK BELLENIP GEÇILENLERDEN DAŞGARY, ANYK AGZALAN WE ÝAŇZYDYLAN ISLENDIK GÖRNÜŞDÄKI ÄHLI ŞERTLER, GOLDAWLAR, KEPILLIKLER, GÜWÄLIKLER, WEKILÇILIKLER ÝA-DA YGTYÝARLAR ŞOL SANDA ÝÖRITE MAKSATLAR ÜÇIN ULANYLANDA ÇYDAMLYLYGY, TALABALAÝYKLYGY, IŞLEŞILMEGI, ULANYLMAGY ÝA-DA SATYLMAGY BILEN BAGLY KANUNLAR ESASYNDA DÖREÝÄN GEÇGINLILIGI, HILI, KANUNLARYŇ BOZULMAZLYGY, KANAGATLANDYRYJY HILI ÝA-DA ADY BARADA ISLENDIK KEPILLIKLER, WEKILÇILIK, ŞERTLER, GOLDAWLAR WE YGTYÝARLAR DEGIŞLI KANUNLARYŇ RUGSAT BERMEGI BILEN GIRIZILMEÝÄR.
(ii) Degişli kanunlaryň aňrujy ýagdaýda rugsat bermegi bilen, Programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly islendik ýaňzydylan ygtyarlar, goldawlar, kepillikler, güwälikler ýa-da şertler ýokarda bellenip geçilendigi sebäpli ýüz öwrüp bolmaýandygy, emma çäklendirip bolýandygy sebäpli, ol Programmü üpjünçiligini Enjamyňyza gurnan wagtyňyzdan başlap togsan (90) gün çäklendirilýär.

(i) Eger-de siz Indoneziýanyň ýaşaýjysy bolsaňyz, siz şu Şertnamanyň üsti bilen Indoneziýanyň kanunlary esasynda berlen gaýry kanuny gorag serişdelerinden ýüz öwürýärsiňiz.

(c) Üçünji Tarapyň Önümleri we Üçünji Tarapyň Hyzmatlary, Çatylan Saýtlar.
(i) DEGIŞLI KANUNLAR TARAPYNDAN ÝÖRITE GADAGAN EDILMEGINDEN DAŞGARY, ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERI WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARY "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNYŇ GÖZEGÇILIGI ASTYNDA SAKLANMAÝAR. "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINI WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARYNY GOLDAMAÝAR, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINI ÝA-DA HYZMATLARYNY SAÝLAMAGYŇYZ, ULANMAGYŇYZ, GIRMEGIŇIZ ÝA-DA AMALA AŞYRYŞYŇYZ BILEN BAGLYLYKDA HIÇ HILI JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR.
(ii) ÝOKARDA BELLENIP GEÇILEN DÜZGÜNLER (A) SIZIŇ ÜÇÜNJI TARAPYP ZADYNY WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATYNY NÄHILI ALANDYGYŇYZA, ÝAGNY ÖZBAŞDAK, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNYŇ ÜSTI BILEN, ÝA-DA ARAGATNAŞYK KÄRHANASYNYŇ ÜSTI BILEN; (B) TALAP EDILÝÄN ŞOL ÜÇÜNJI TARAP ÖNÜMLERI ÝA-DA ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARY (ŞOL SANDA ARAGATNAŞYK HYZMATLARY) "BBM" ÇÖZGÜDINDEN BITEWILIGINE ÝA-DA BÖLEKLEÝIN PEÝDALANMAK ÜÇIN ÝERBE-ÝERDIGINE GARAMAZDAN ULANYLJAKDYR.
(iii) ÝOKARDA BELLENIP GEÇILEN DÜZGÜNLERI ÇÄKLENDIRMEZDEN, DEGIŞLI KANUNLARA LAÝYKLYKDA GADAGAN EDILÝÄN HALATLARYNDA DAŞGARY, SIZIŇ TARAPYŇYZDAN "BLACKBERRY" BILEN PEÝDALANYLÝAN ÝA-DA "BBM" ÇÖZGÜDI BILEN BILELIKDE ULANYLÝAN, "BOLŞY ÝALY" WE "ELÝETERLI" ESASLARDA BERLEN ÄHLI ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERI WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLAR ÜÇIN HIÇ HILI ŞERT, GOLDAW, KEPILLIK, GÜWÄLIK WE YGTYÝAR BELLENMEÝÄR, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY SIZ WE SIZIŇ ÜSTÜŇIZ BILEN ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERI ÝA-DA ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARY, ŞOL SANDA (A) ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINIŇ, ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARYNYŇ WE OLARA GIRMEGI ÝEŇILLEŞDIRMEK ÜÇIN NIÝETLENEN PROGRAMMA ÜPJÜNÇILGINIŇ TERTIBI, GEÇIRIŞI, WAGTLY-WAGTYNDALYGY, ŞEÝLE ÜÇÜNJI TARAPYŇ ZADYNYŇ DOWAMLY BOLMAGY; (B) ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINIŇ, ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARYNYŇ IŞLEMEGI ÝA-DA IŞLEMEZLIGI; (Ç) ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINIŇ, ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARYNYŇ SIZIŇ "BBM" ÇÖZGÜDIŇIZ BILEN DOLY ÝA-DA BIR BÖLEGI BILEN ÖZARA IŞJEŇLIGI; (D) ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERI WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARY BILEN BAGLYLYKDA HEREKETLER WE BOZMALAR, ŞOL SANDA ÜÇÜNJI TARAPYŇ SIZIŇ MAGLUMATLARYŇYZY ULANMAGY BILEN BAGLY ÝÜZE ÇYKAN MESELELER ÜÇIN BILDIREN ARZ-ŞIKAÝATY ÜÇIN HIÇ HILI JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR.
(iv) ÝOKARDA BELLENIP GEÇILENLERI ÇÄKLENDIRMEZDEN, DEGIŞLI KANUNLAR TARAPYNDAN ÝÖRITE GADAGAN EDILENLERDEN DAŞGARY ÝAGDAÝLARDA, SIZ WIRUSLAR, WEHIM SALÝAN, MERTEBÄNI PESELDÝÄN, WEKERAÇYLYKLY, NÄHAK, JENAÝAT ÝA-DA BIKANUN BOLAN ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARY, ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERI, ÜÇÜNJI TARAPYŇ ZADYNY WE ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATYNY GEÇIRMEGI, ÜÇÜNJI TARAPYŇ INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUKLARYNY BOZMAGY ÜÇIN "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR. SIZ DIŇE DEGIŞLI ÜÇÜNJI TARAPLARA ÝÜZ TUTMALYSYŇYZ.

(d) Edaranyň Işi üçin Zerur Programmalar. SIZIŇ BBM ÇÖZGÜDIŇIZ WE ISLENDIK BÖLEGI EDARANYŇ IŞI ÜÇIN ZERUR PROGRAMMA HÖKMÜNDE HOWPLY GURŞAWLARDA, ÜZNÜKSIZ WE DURNUKLY IŞLEMEGI TALAP EDÝÄN GURŞAWLARDA, ŞOL SANDA ÝADRO DESGALARYNDA, UÇAR NAWIGASIÝA ÝA-DA ARAGATNAŞYK ULGAMLARYNDA, HOWA HEREKETINIŇ GÖZEGÇILIGINDE, DURMUŞ ÜPJÜNÇILIK ULGAMYNDA, ÝARAG ULGAMLARYNDA, ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLAR ÜÇIN LOKATORDA WE GAÝRY TIZ KÖMEK GULLUKLARYNDA ULANYLMALY DÄLDIR. SIZ (i) ULANÝAN WAGTYŇYZ HYZMATLARYŇ ÜZÜLIP BAŞLAN; (ii) MAGLUMAT UGRADYLANDA KYNÇYLYK WE ÝALŇYŞLYK ÝÜZE ÇYKYP UGRAN; (iii) MAGLUMAT ÝITEN ÝA-DA ZAÝALANAN HALATYNDA ZERUR DIKELDIŞ IŞLERINI GEÇIRJEKDIGIŇIZI WE ÄTIÝAÇLYK NUSGASYNY ALJAKDYGYŇYZ BARADA GÜWÄ GEÇÝÄRSIŇIZ. ŞOL PURSATDA SIZ HAÝAL ETMÄN: ÝITGINIŇ WE ZYÝANYŇ MÜMKINGADAR AZ BOLMAGYNY ÜPJÜN ETMELI WE BU MESELE BABATDA "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNA HABAR BERMELI. 18(b) BÖLÜMINDE ÝETEN ZYÝAN ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIKLERDEN BOÝUN GAÇYRYLÝANDYGY HAKYNDA UMUMY BILDIRIŞ BILEN ÇÄKLENDIRILMEZDEN, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY SIZIŇ "BBM" ÇÖZGÜDINI ÝA-DA ONUŇ BIR BÖLEGINI EDARANYŇ IŞI ÜÇIN ZERUR PROGRAMMA HÖKMÜNDE HOWPLY GURŞAWLARDA, ÜZNÜKSIZ WE DURNUKLY IŞLEMEGI TALAP EDÝÄN GURŞAWLARDA ULANMAGYŇYZ NETIJESINDE ÇEKEN ZYÝANY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIGE ÇEKILMELI DÄLDIR. ŞEÝLE HOWPUŇ ABANÝANDYGY BILINÝÄNDIGINE ÝA-DA BILINMEÝÄNDIGINE GARAMAZDAN, HATDA "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNA BU BABATDA HABAR BERLEN HEM BOLSA JOGAPKÄRÇILIGE ÇEKILMELI DÄLDIR.

(e) "iTunes Store" Ulgamyndan Alnan Programma Üpjünçiligi. "iTunes Store" ulgamyndan alnan islendik Programma üpjünçiligine degişlilikde, şol Programma üpjünçiligi degişli kepilliklere laýyk gelmedik ýagdaýynda siz "Apple" kompaniýasyna habar berip, göçüren Programmaňyz üçin tölän tölegiňizi yzyna bermegi talap edip bilersiňiz. "Apple" kompaniýasy degişli kepilliklere laýyk gelmändigi sebäpli gelýän arz-şikaýatlar, çekilen ýitgiler we zyýan. Çykdajylar we harajatlar üçinm hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

18. Jogapkärçilikleriň Çäklendirilmegi.

KÄBIR DÖWLETLERDE ALYJYLAR BILEN BAGLAŞYLAN ŞERTNAMALARDA BIR ZADYŇ NETIJESINDE ÇEKILEN, GÖNI DÄL WE GAÝRY ZYÝANLARYŇ ÇÄKLENDIRILMEGINE ÝA-DA KADADAN ÇYKMALARYŇ BOLMAGYNA RUGSAT BERMEÝÄRLER. SIZ HEM ALYJY BOLANDYGYŇYZ ÜÇIN, BU BÖLÜMDÄKI ÇÄKLENDIRMELER WE KADADAN ÇYKMALAR SIZ ÜÇIN ULANYLMAN BILER.

(a) DEGIŞLI KANUNLAR TARAPYNDAN RUGSAT BERLEN BOLSA WE ŞU ŞERTNAMADA GÖRKEZILEN ÝÖRITE KANUNY GORAG SERIŞDELERINE DEGIŞLILIKDE, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASY HIÇ HILI HALATDA AŞAKDA AGZALAN ZYÝANLAR ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIGE ÇEKILMELI DÄLDIR: BIR IŞIŇ NETIJESINDE ÇEKILEN, BEÝLEKI ÝALŇYŞLYKLARA NUSGA BOLUP BILJEK, ONÇAKLY ULY BOLMADYK, GÖNI DÄL (EGER-DE SIZ ÝAPONIÝANYŇ ÝAŞAÝJYSY BOLSAŇYZ, OL ÝAPON DILINDE: KANSETSU SONGAI), ÝÖRITE EGER-DE SIZ ÝAPONIÝANYŇ ÝAŞAÝJYSY BOLSAŇYZ, OL ÝAPON DILINDE: TOKUBETSU SONGAI), JEZA BERILMEGINI TALAP EDÝÄN, AHLAK TAÝDAN ZYÝAN ÝETIRÝÄN WE AGYRLAŞDYRYLAN ZYÝANLAR; ŞU ŞERTNAMA WE "BBM" ÇÖZGÜDINIŇ ULANYLMAGY, , ŞOL SANDA "BBM" ÇÖZGÜDINI ULANMAGYŇYZ, ULANYP BILMEZLIGIŇIZ, ONUŇ IŞLEMEGI ÝA-DA IŞLÄP BILMEZLIGI BILEN BAGLYLYKDA IŞEWÜRLIK PEÝDASYNA WE GIRDEJISINE ZYÝAN ÝETMEGI, GARAŞYLÝAN SÜÝŞÜRINTGILERIŇ ALYNMAZLYGY, IŞI TOGTADÝAN, IŞEWÜRLIK MAGLUMATLARYNYŇ ÝITMEGI, IŞ MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÝITMEGI, MAGLUMATLARYŇ ÝITMEGI WE ZAÝALANMAGY, MAGLUMAT HOWPSUZLYGYNYŇ BOZULMAGY, MAGLUMATY ALYP ÝA-DA UGRADYP BILMEZLIK, "BBM" ÇÖZGÜDI BILEN BILELIKDE ULANYLÝAN PROGRAMMALAR BILEN BAGLANYŞYKLY MESELELER, "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNDAN BAŞGA ŞAHSYŇ "BBM" ÇÖZGÜDINE ÝA-DA ONUŇ BIR BÖLEGINE GIRIZILEN WE GIRIZMÄGE SYNANYŞYLAN ÜÝTGETMELER, IŞEWÜRLIK TOGTANDAN SOŇKY ÇYKDAJYLAR, "BBM" ÇÖZGÜDINI, ONUŇ BIR BÖLEGINI, ÜÇÜNJI TARAPYŇ HYZMATLARYNY ÝA-DA ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINI ULANYP BILMEZLIK, OLARYŇ ÝERINE ALNAN ÖNÜMLER ÜÇIN ÇYKDAJYLAR, DESGALAR, HYZMATLAR HEM-DE ZYÝANY ÝAPMAK ÜÇIN ÇYKDAJYLAR, MAÝALYK GORUŇ BAHASY WE BEÝLEKI MADDY ÝITGILER. ŞEÝLE HOWPUŇ ABANÝANDYGY BILINÝÄNDIGINE ÝA-DA BILINMEÝÄNDIGINE GARAMAZDAN, HATDA "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNA BU BABATDA HABAR BERLEN HEM BOLSA JOGAPKÄRÇILIGE ÇEKILMELI DÄLDIR.

(b) Degişli kanunlar esasynda iň ýokary derejede rugsat edilen halatynda, "BlackBerry" kompaniýasynyň jogapkärçiligi (i) berlen Programma üpjünçiliginiň bir bölümi üçin tölenen töleg möçberinden; (ii) berilýän Tölegli Hyzmatlaryň degişli döwri üçin tölenen töleg möçberinden; (iii) bäş (5) amerikan dollaryndan artykmaç bolmaly däldir.
(c) Degişli kanunlar esasynda iň ýokary derejede rugsat edilen halatynda, "BlackBerry" kompaniýasy siz üçin şu Şertnama laýyklykda jogapkärçilik çekýän bolsa, "BlackBerry" kompaniýasy diňe "BBM" Çözgüdiniň işläp bilmedik döwründe çekilen zyýanyň öwezini dolmak üçin jogapkärçilik çeker.
(d) Şu Bölümdäki hiç bir düzgün "BlackBerry" kompaniýasynyň goýberen säwligi sebäpli size ölüm howpy abanan ýa-da şikes ýeten ýagdaýynda "BlackBerry" kompaniýasynyň jogapkärçiligini çäklendirmeýär. Bu jogapkärçilik "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan tölenmeli öwez tölegi üçin Siziň ýa-da başga kişiniň goşantlarynyň azalmagy şertlerinde bolup geçer.
(e) DEGIŞLI KANUNLAR ESASYNDA IŇ ÝOKARY DEREJEDE RUGSAT EDILEN HALATYNDA, HER BIR TARAP BIRI-BIRI ÜÇIN ŞU ŞERTNAMADA BELLENIP GEÇILIŞI ÝALY JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMELIDIR WE ŞERTNAMA BOÝUNÇA, RAÝAT-HUKUK BOZULMALARY ARKALY MEJBUR EDILIP, KANUNLARA LAÝYKLYKDA WE GAÝRY GÖRNÜŞDE GAÝRY BORJY ÝA-DA JOGAPKÄRÇILIGI ÜSTÜNE ALMALY DÄLDIR.
(f) DEGIŞLI KANUNLAR ESASYNDA IŇ ÝOKARY DEREJEDE RUGSAT EDILEN HALATYNDA, ŞU ŞERTNAMALARDAKY JOGAPKÄRÇILIKDEN ÝÜZ ÖWRÜLÝÄNDIGI HAKYNDA BEÝANNAMALAR (i) SIZIŇ EDEN IŞIŇIZIŇ, TALABYŇYZYŇ NETIJELERINIŇ GÖRNÜŞINE, ŞOL SANDA ÜNSSÜZLIK EDILENDIGINE, RAÝAT-HUKUK BOZULMASYNYŇ, BERK JOGAPKÄRÇILIGIŇ BOLANDYGYNA, KANUNLARYŇ, ŞERTNAMANYŇ BOZULMAGYNA WE GAÝRY HUKUK NAZARYÝETINE GARAMAZDAN ULANYLJAKDYR; (ii) ŞU ŞERTNAMANYŇ ESASY MAKSADYNYŇ ÝA-DA BELLENIP GEÇILEN KANUNY GORAGYNYŇ DÜÝPLI BOZULAN ÝAGDAÝYNDA HUKUK GÜÝJÜNDE BOLAR; (iii) ŞERTNAMADA BELLENIP GEÇILEN ÖWEZ TÖLEGLERI, BIR TARAPYŇ BEÝLEKI TARAPYŇ INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUKLARYNY ÝA-DA ŞU ŞERTNAMANYŇ "BBM ÇÖZGÜTLERINIŇ ULANYLMAGY (2-NJI BÖLÜM)", "PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINIŇ ULANYLMAGY (3-NJI BÖLÜM)", "INTELLEKTUAL EÝEÇILIK (9-NJY BÖLÜM)", "EKSPORT, IMPORT, ÇÄKLENDIRMELER WE ABŞ-YŇ HÖKÜMET LISENZIÝALARY(10-NJY BÖLÜM)", "GIZLINLIK WE TERSINE INŽENERÇILIK (12-NJI BÖLÜM)", "ULANYJYNYŇ MAGLUMATLARY (20-NJI BÖLÜM)" ATLY BÖLÜMLERINIŇ DÜZGÜNLERINI BOZMAGY ÜÇIN ULANYLMAZ; (iv) "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNA, "BLACKBERRY" KOMPANIÝALAR TOPARYNA, OLARYŇ ORUNTUTARLARYNA, BELLÄN ŞAHSLARYNA, RESMI DISTRIBÝUTORLARYNA (ŞOL SANDA ARAGATNAŞYK HYZMATLARYNY ÜPJÜN EDÝÄN KÄRHÄNA WE "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNYŇ PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINIŇ RESMI DISTRIBÝUTORLARYNA) ULANYLAR
(g) "BLACKBERRY" KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ HIÇ BIR ÝOLBAŞÇYSY, DIREKTORY, IŞGÄRI, AGENTI, DISTRIBÝUTORY WE ÜPJÜNÇISI (HÖDÜRLEÝÄN SATYJYLARDAN GAÝRY), HYZMAT ÜPJÜNÇISI, GARAŞSYZ POTRATÇYSY (ÝOKARDA AGZALANLARDAN DAŞGARY) ŞU ŞERTNAMA BILEN JOGAPKÄRÇILIGI ÖZ ÜSTÜNE ALMAÝAR.
(h) SIZ ŞU ŞERTNAMADA GÖRKEZILEN JOGAPKÄRÇILIKLERDEN BOÝUN GAÇYRYLÝANDYGY HAKYNDA BEÝANNAMALARYŇ, KADADAN ÇYKMALARYŇ WE ÇÄKLENDIRMELERIŇ ŞU ŞERTNAMANYŇ TARAPLARYNYŇ ARASYNDA ESASY ELEMENTLERINI DÜZÝÄNDIGI, ŞEÝLE JOGAPKÄRÇILIKLERDEN BOÝUN GAÇYRYLÝANDYGY HAKYNDA BEÝANNAMALAR, KADADAN ÇYKMALAR WE ÇÄKLENDIRMELER BOLMADYK HALATYNDA (i) ŞU ŞERTNAMADAKY TÖLEGLERIŇ WE GAÝRY DÜZGÜNLERIŇ DÜÝPGÖTER TAPAWUTLY BOLJAKDYGY; (ii) "BLACKBERRY" KOMPANIÝASYNYŇ ŞU ŞERTNAMA ESASYNDA ÜPJÜN EDÝÄN "BBM" ÇÖZGÜDINI, PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ÝA-DA HYZMATLARYNY HÖDÜRLEMEK UKYBYNA, HEM-DE "BBM" ÇÖZGÜDIŇIZ ARKALY ÜÇÜNJI TARAPYŇ ÖNÜMLERINDEN WE HYZMATLARYNDAN PEÝDALANMAK UKYBYNA DÜÝPLI TÄSIR ETJEKDIGI BABATDA YLALAŞÝARSYŇYZ WE TASSYKLAÝARSYŇYZ.
19. Maglumatlaryň Ýygnalmagy, Ulanylmagy, Işlenmegi, Geçirilmegi, Saklanmagy we Mälim Edilmegi (ählisi bilelikde "Maglumaty Işlemek" ýa-da "Maglumatyň Işlenmegi") üçin Razylyk.

"BlackBerry" Kompaniýalar Topary we onuň hyzmat üpjünçileri tarapyndan Işlenýän şahsy maglumatlar "BlackBerry" kompaniýasynyň Şahsy Maglumatlaryň Gizlinligi hakyndaky Ýörelgelerine (şu Şertnama goşulýan, www.blackberry.com/legal internet salgysynda okap bolýan, legalinfo@blackberry.com elektron poçta salgysyna hat ugratmak arkaly alyp bolýan) laýyklykda saklanar.

(a) Şahsy Maglumatlar. Siziň "BBM" Çözgüdini (ýa-da onuň bir bölegini) ulanmagyňyz, şol sanda Programma üpjünçiligini, degişli Aragatnaşyk Hyzmatlaryny gurnamagyňyz we ulanmagyňyz, "BlackBerry ID" belgisini döretmegiňiz netijesinde Siziň hakynda degişli kanunlara laýyklykda şahsy maglumatlaryňyz Işlenýär, eger-de siz korporasiýa ýa-da edara görnüşli tarap bolsaňyz, Siziň öz adyňyzdan "BBM" Çözgüdini ulanmaga rugsat beren işgärleriňize ("Ulanyjylar") degişli maglumatlar "BlackBerry" Kompaniýalar Topary, hyzmat üpjünçileri, Siziň Aragatnaşyk Kärhanaňyz, şeýle-de "BBM" Çözgüdiňizde ulanylýan önümleri we hyzmatlary üpjün edýän üçünji taraplar tarapyndan işlener. Ulanylýan Hyzmatlara baglylykda, şahsy maglumatlara siziň adyňyz, suratyňyz, ýagdaýyňyz, şahsy maglumatlaryňyz, elektron poçta salgyňyz, telefon belgiňiz, saýlan diliňiz, "BlackBerry ID" belgiňiz, hasabyň belgileri we sazlawy, Enjam barada maglumatlar (mysal üçin: Enjamy anyklaýjy belgiler we Enjamyň modeli), ýurdy we sagat guşaklygy, Aragatnaşyk Kärhanasy hakynda maglumatlar, "BBM" Çözgüdinde haýsy funksiýalary ulanýandygyňyz, "BBM" Çözgüdi bilen bilelikde ulanylýan Hyzmatlar, programma üpjünçiligi we enjamlar barada maglumatlar girip bilýär. "BBM" Çözgüdine elýeterli funskiýalar bolan ýagdaýynda, "BBM" Çözgüdi arkaly girilýän, "BlackBerry" tarapyndan şol maglumatlary ulanýan funskiýa arkaly "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan işlenýän salgy depderçesi barada maglumatlar, Enjamyň ýerleşýän ýeri barada maglumat, senenama (kalendar), suratlar, ýatlatmak üçin bellikler (mysal üçin, öz salgy depderçäňizdäki kontaktlara "BBM" Çözgüdini ulanmagy maslahat berip elektron poçta we hat ugradýarsyňyz) hem girip bilýär. Siz "BlackBerry" Kompaniýalar Toparyna şeýle şahsy maglumatlaryňyzy göni ýagdaýda Sizden alyp ýygnamagyna, Aragatnaşyk Kärhanasyndan ýa-da "BBM" Çözgütleri bilen ulanylýan önümleri we hyzmatlary hödürleýän üçünji taraplardan almagyna razylyk berýärsiňiz. Eger-de siz korporasiýa ýa-da edara görnüşli tarap bolsaňyz şu 19-njy bölüme laýyklykda Siziň Ulanyjylaryňyzyň "BBM" Çözgüdiňizi ulanmagy arkaly, olaryň şahsy maglumatlarynyň işlenýändigi sebäpli degişli razylyklaryň we rugsatlaryň alynmagyny üpjün etmeli.

(b) Maksat. "BlackBerry" kompaniýasynyň Şahsy Maglumatlaryň Gizlinligi hakyndaky Ýörelgelerine laýyklykda, şahsy maglumatlar "BlackBerry" Kompaniýalar Topary we olaryň hyzmat üpjünçileri tarapyndan şu maksatlar bilen ulanylyp biler: (i) Siziň zerurlyklaryňyza we halaýan önümleriňize düşünmek we talabalaýyk hyzmatlary üpjün etmek, size "BBM" Çözgüdini we "BlackBerry ID" belgisini bermek; (ii) täze önümleri we hyzmatlary kämilleşdirmek, bar bolan önümleri we hyzmatlary baýlaşdyrmak, şol sanda bu babatda Siziň bilen aragatnaşyga geçmek; (iii) "BlackBerry" Kompaniýalar Toparynyň işini dolandyrmak we kämilleşdirmek; (iv) kanuny we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk hereket etmek. Mundan başga-da, "BlackBerry" kompaniýasy Ulanyjylara Programma üpjünçiliginiň, "BlackBerry" kompaniýasynyň beýleki önümleriniň we hyzmatlarynyň, Üçünji Tarapyň Programma üpjünçiliginiň, Üçünji Tarapyň Mazmunynyň ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatlarynyň kämilleşdirilen goýberilişleri, girizilen täzelikler hakynda habarlary ugradýar.

(c) "Bulut" Ulgamy Arkaly Işleýän Hyzmatlar. Siz "BBM" Çözgüdiniň "bulut" ulgamy arkaly hat ugratmak we beýleki hyzmatlary elýeterli edýändigini, "BlackBerry" Kompaniýalar Topary we onuň hyzmat üpjünçileri tarapyndan uzakdan dolandyrmak, ýatda saklamak we ätiýaçlyk göçürmesini almak funksiýalarynyň bolup biljekdigini tassyklaýarsyňyz hem-de şeýle hyzmatlary ulanmak arkaly, Siziň girizen ýa-da şeýle hyzmatlara girizen maglumatlaryňyzyň (görkezen adyňyz, suratlar, ýagdaýyňy görkezýän hatlar, kontaktlaryňyz we toparlar barada maglumatlar, senenama (kalendar), enjdamdaky tabşyryklar we beýleki faýllar) "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan Siz we "BlackBerry" kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Şertnama(lara) laýyklykda hödürlenýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen Gaýtadan işlenip biljekdigi barada ylalaşýarsyňyz, şeýle-de "BlackBerry" kompaniýasyna şeýle maglumatlary bermek üçin zerur razylyklaryň we ygtyýarlaryň bardygyna güwä geçýärsiňiz.

(d) Jemgyýetçilik Torlary Funksiýasy. "BlackBerry" kompaniýasy "BBM" Çözgüdinde Siziň tanalmagyňyz we beýleki adamlar bilen aragatnaşyga geçmegiňiz, Siziň jemgyýetçilik torlary bilen işleýän Hyzmatlary ýa-da programma üpjünçiligini, Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligini we Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny ulanmak tejribäňizi ýokarlandyrmagyňyz maksady bilen "jemgyýetçilik torlary funksiýasyny" hödürleýär. Siz şeýle funksiýany ulanan ýagdaýyňyzda, Siz özüňiziň beýleki adamlar bilen aragatnaşyga geçmek üçin mümkinçiligiňiziň bardygyny, siziň sahabyňyzy (profiliňizi), adyňyzy, suratlaryňyzy, ýagdaýyňyzy görkezýän hatlaryň, agzalyk ýagdaýyňyzy, beýleki anyklaýyş maglumatlary başga adamlaryň hem görüp bilýändigi we teswirläp bilýändigi barada ylalaşýarsyňyz. Mysal üçin, eger-de siz "BBM" jemgyýetçilik platformasy bilen utgaşyp işleýän Hyzmaty ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulansaňyz, Siz şol funksiýaly bolan (i) "BlackBerry Messenger" kontaktlaryňyz şeýle Hyzmaty ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulanýandygyňyzy ýa-da ulanmaýandygyňyzy görüp biljekdigi; (ii) Siziň kontaktlaryňyzyň Siziň sahabyňyzy (profiliňizi), Siziň ýazdyran, sarp eden, Hyzmaty ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatyny ulanýan wagtyňyz paýlaşmak arkaly elýeterli eden Programma üpjünçiligiňizi, Mazmunyňyzy (mysal üçin: oýunlar, aýdym-saz, Hyzmata we Üçünji Tarapyň Hyzmatyna baglylykda beýleki faýllar), şeýle-de Siziň we beýleki adamlaryň olar barada teswirlerini görüp biljekdigi; (iii) Kontaktlaryňyz, olaryň Hyzmatyň ýa-da Üçünji Tarapyň Hyzmatynyň bir bölegi hökmünde ýazdyran ýa-da sarp eden programma üpjünçiligi we Mazmuny, özüňiz (Siziň teswirleriňiz, ulanyjy sahabyňyzdaky adyňyz we suratyňyz we ş.m.) barada ýazan teswirleriňiziň şol şahsyň başga kontaktlaryna hem görkezilip bilinjekdigi; (iv) Hyzmata we Üçünji Tarapyň Hyzmatyna siziň saýlamalaryňyz, Programma üpjünçiliginden we Hyzmatdan peýdalanmagyňyz esasynda täze önümleri hödürlemek üçin awtomat usulda seljeriş işlerini geçirýän funksiýalaryň girizilip bilinjekdigi barada ylalaşýarsyňyz. Şonuň üçin şeýle Hyzmatlarda we Programma üpjünçiliginde siziň şeýle gurşawlarda görünmegiňiz we şahsy maglumatlaryň gizlinligi barada sazlamalary düzetmek üçin degişli Hyzmatlaryň we Programma Üpjünçiliginiň sazlanýan ýerlerini barlamagyňyzy haýyş edýäris.

(e) Üçünji Tarapyň Hyzmatlary bilen Birikdirmek. "BBM" Çözgüdi işlemek üçin Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny ulanmagy talap edip biler (mysal üçin, Aragatnaşyk Hyzmatlary). Eger-de siz "BBM" Çözgüdiňizi Üçünji Tarapyň Hyzmatlary (mysal üçin, "BBM" Çözgüdiniň jemgyýetçilik torlary we üçünji taraplaryň hödürleýän beýleki hyzmatlar bilen işleşmegini ýeňilleşdirýän) bilen birikdiren bolsaňyz, Siz "BlackBerry" kompaniýasyna Siziň adyňyzdan Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryna aralaşmagy üçin Siziň maglumatlaryňyzy ulanmagy hem-de şahsy maksatlaryňyz üçin Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryndan peýdalanmagyňyzy ýeňilleşdirmek üçin Üçünji Tarapyň Hyzmatlary bilen bagly şahsy maglumatlaryňyzy Gaýtadan işlemegi üçin rugsat berýärsiňiz. Gaýtadan işlenýän maglumatlara aşakdakylar degişlidir: (i) "BBM" Çözgüdi bilen birikdiren üçünji tarapyň hyzmaty ýa-da hasabyňyz üçin Siziň girizen "BlackBerry ID" we beýleki hasap belgileriňiz, parol(lar)yňyz, tassyklamak üçin bellikleriň we gaýry maglumatlar; (ii) Siziň hasabyňyzdaky sahapda görkezilen maglumatlar (mysal üçin, "BlackBerry ID" belgisi, Siziň suratyňyz, adyňyz, şahsy hatlaryňyz, elýeterlidigiňizi aňladýan statuslar, döwletiňiz, sagat guşaklygyňyz, enjamyň anyklaýyş belgileri we ş.m.); (iii) enjamdaky kontaktlar barada maglumatlar, (iv) Siziň Programma üpjünçiligiňize çatylan üçünji tarapyň programmalary we hyzmatlary görkezijiler; (v) Siziň Programma üpjünçiligiňize çatan üçünji tarapyň programmalaryny we hyzmatlaryny ulanmagyňyz netijesinde döreýän döwürleýin maglumatlar (mysal üçin, üçünji tarapyň oýnunda ýa-da programmasynda gazanan ýokary ballaryňyz Programma üpjünçiligiňiziň sahabynda görkezilýär, Programma üpjünçiliginiň habarlaşmak funksiýasyny ýeňilleşdirýän üçünji tarapyň programmasy ýa-da hyzmaty arkaly habarlaşmagyňyz netijesinde döreýän maglumatlar). Siz şeýle-de "BlackBerry" kompaniýasynyň degişli Üçünji Tarapyň Hyzmatyny üpjün edijä (şol sanda Aragatnaşyk Kärhanasyna) hyzmatlary işjeňleşdirmegi, töleg resminamalaryny ugratmagy, üpjün etmegi, hyzmatlary hödürlemegi, abatlamagy we işini togtatmagy üçin Siziň şahsy maglumatlaryňyzy bermegine rugsat berýärsiňiz. Peýdalanylýan Üçünji Tarapyň Hyzmatlary "BlackBerry" kompaniýasynyň gözegçiligi astynda saklanmaýar. Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň Siziň Aragatnaşyk Kärhanaňyza, "BBM" Çözgüdi bilen işleýän önümleri we hyzmatlary üpjün edijilere mälim edilmegi şol üçünji taraplar şertnamalarynyň we şahsy maglumatlaryň gizlinligi hakynda ýörelgelere degişlidir. Siz Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny we Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligini ulanmazdan öňürti şol resminamalaryň düzgünlerini gözden geçirmelisiňiz. Siz şol Üçünji tarapyň Hyzmatlaryna we Üçünji Tarapyň Programma Üpjünçiligine berlen rugsatlary sazlamak we gözegçilik edip bilmek üçin öz Enjamyňyzyň programma üpjünçiligini we şu Programma Üpjünçiligindäki saýlamalary we menýulary oňat gözden geçiriň.

(f) Kukiler we Birmeňzeş Tilsimatlar. "BlackBerry" Kompaniýalar Topary Siziň we "BlackBerry" kompaniýasynyň goralmagy arkaly käbir hyzmatlara girmek, Hyzmatlary ýeňilleşdirmek, Siziň tejribäňizi baýlaşdyrmak, ulanyjylaryň biziň Hyzmatlarymyzdan we "BBM" Çözgüdimizden nähili peýdalanýandygyna göz ýetirmek üçin seljerişleri geçirmek, olaryň funksiýalaryny köpeltmek üçin "kukileri" (Enjamyňyzda ýatda saklanýan kiçi göwrümli maglumat) ýa-da şoňa meňzeş gurallary ulanyp biler.

(g) Tehniki Goldaw we Hil Kepilligi. Eger-de Siz "BlackBerry" kompaniýasyna tehniki goldaw bermegi üçin ýüz tutan ýagdaýyňyzda ýa-da şu maksat bilen "BlackBerry" kompaniýasyna diagnostik maglumatlary ýa-da gaýry tehniki resminamalary elektron poçta hem-de "BlackBerry" kompaniýasynyň üpjün edýän gurallary arkaly ugradan bolsaňyz, Siz "BlackBerry" Kompaniýalar Toparynyň anyklaýyş işlerini geçirmekde kömek edip biljek Enjamy anyklaýjylar, enjamyň ID belgisi we modeliniň belgisi, ýadynyň ýagdaýy, operatiw ulgamy we gurşawy barada maglumatlary, batareýanyň ýagdaýy, Wi-Fi/WLAN, radio ýa-da simsiz aragatnaşyk tolkunynyň derejesi we çatylan aragatnaşyklar, gurnalan programmalaryň sanawy, programmalaryň ulanylyşy barada maglumat, enjamda bolup geçýän hadysalar we enjamyň sazlanyşy barada maglumat, ulgamynda bolup geçýän hadysalary, Siziň Enjamyňyzyň we Enjamyňyzda işleýän Programma Üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaly tehniki maglumatlary ýygnap biljekdigi babatda ylalaşýarsyňyz. Şeýle maglumatlar näsazlyklaryň çözülmegi, alyjylara tehniki goldawyň berilmegi, programma üpjünçiliginiň täzelenmegi, "BlackBerry" kompaniýasynyň önümleriniň we hyzmatlarynyň Şahsy Maglumatlaryň Gizlinligi hakyndaky Ýörelgelerine laýyklykda gowulandyrylmagy üçin ulanylar. Eger-de seljerişiň netijeleri üçünji tarapyň önüminiň işe päsgel berýändigini görkezse, "BlackBerry" kompaniýasy üçünji tarap bolan önümiň satyjysyna şol önüm sebäpli näsazlyk döreýändigi barada tehniki maglumatlary ugradyp biler. Siz "BlackBerry" we onuň hyzmat üpjünçilerine edilen jaňlaryň türgenleşmek, hil kepilligi, alyjylara tehniki goldaw bermek we salgylanmak maksady bilen ýazga alynmagy babatda ylalaşýarsyňyz.

(h) Hatlaryň Ýatda Saklanmagy. "BBM" arkaly eltilýän hatlaryň mazmuny "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan işiniň dowamynda ýadynda we arhiwde saklanmaýar. "BBM" arkaly ugradylýan hatlar maglumat hyzmaty arkaly "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan serwerlere ugradylýar, onuň üsti bilen internetde duran alyj(ylar)a ugrukdyrylýar. Hat eltilenden soň, şol hat biziň serwerimizden bozulýar. Eger-de alyjylar internetde bolmadyk ýagdaýynda, eltilmän galan hat "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan serwerlerde saklanar, hatlar 30 (otuz) günüň dowamynda eltilmedik ýagdaýynda serwerimizden bozulýar. Eltilen hatlaryň mazmuny "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan saklanmaýar, bozulmadyk ýagdaýynda diňe alyjynyň we ugradyjynyň enjamlarynda saklanýar. Ýokarda bellenip geçilenlere garamazdan, "BlackBerry" kompaniýasy hatlar we Enjamlar bile baglanyşykly amallaryň ýazgylaryny (mysal üçin eltilen hatlar we haty alýan Enjamlar bilen bagly wagtlar we bellikler), şeýle-de "BlackBerry" kompaniýasynyň ýygnamaga kanuny taýdan hukugy bolan gaýry maglumatlary saklap biler. "BBM" Çözgüdi arkaly ugradylýan hatlar eltilenden soň gysga wagtlyk serwerlerde saklanýar, umumy maglumat saklaýyş ýörelgelerine laýyklykda gysga wagtyň dowamynda bozulýar.

(i) Halkara Geçirmeler. Siz "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan ("bulut ulgamy" arkaly işleýän, uzakdan girip bolýan, ýatda saklamak we ätiýaçlyk göçürme nusgasyny almak funksiýalary bolan) "BBM" Çözgüdiňizdäki käbir ýagdaýlarda şahsy maglumatlary, hatlaryň mazmunyny öz içine alyp bilýän maglumatlaryň "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan ýa-da onuň adyndan dolandyrylýan, Ulanyjylaryň ýerleşýän ýurdunyň çäginde ýa-da daşynda, şol sanda Kanadada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Birleşen Patyşalykda, Ýewropanyň Ykdysady Zolagyndaky beýleki döwletlerde, Singapurda, Ýuwaş okeanyň ýakasyndaky beýleki döwletlerde, Birleşen Arap Emirliklerinde ýa-da Ýakyn Gündogaryň beýleki döwletlerinde ýerleşýän serwerlerde, şeýle-de "BlackBerry" Kompaniýalar Topary tarapyndan ýa-da onuň adyndan dolandyrylýan desgalaryň ýerleşýän ýurtlarynda Gaýtadan işlenmegi babatda ylalaşýarsyňyz. Eger-de Siz Ýewropanyň Ykdysady Zolagynda ýa-da şahsy maglumatlaryň daşary ýurda ýa-da sebitiň daşyna geçirilmegi üçin razylyk bermek talap edilýän gaýry döwletlerde ýaşaýan bolsaňyz, siz şeýle etmek üçin kanunlara laýyklykda Ulanyjylardan ähli zerur razylyklary alandygyňyza güwä geçýärsiňiz we maglumatlaryň Gaýtadan işlenmegine razylyk bildirýärsiňiz.

20. Ulanyjylaryň Maglumatlary. 19-njy madda laýyklykda rugsat edilen mälim etmelerden başga-da, Siz we Siziň Ulanyjylaryňyz "BlackBerry" Kompaniýalar Toparynyň Siziň we Siziň Ulanyjylaryňyzyň maglumatlaryny, şol sanda "BlackBerry" kompaniýasyna mälim bolan şahsy maglumatlary, Siziň hatlaryňyzyň mazmunyny, Siziň "BBM" Çözgüdiniň funksiýalaryny, hyzmatlaryny, programma üpjünçiligini we "BBM" Çözgüdi bilen bilelikde ulanylýan enjamlar barada maglumatlary ("Ulanyjylaryň Maglumatlary") ulanmagyna, saklamagyna we Size öňünden habar bermän üçünji taraplara, şol sanda "BlackBerry" kompaniýasynyň we onuň hyzmat üpjünçileriniň, beýleki hyzmatdaşlarynyň we golçurlarynyň ýerleşýän ýurtlarynyň kanunlaryna laýyklykda içerki we daşarky hökümet edaralaryna (i) kanuny hereketlere ýa-da hökümet tarapyndan edilýän talaplara, başga aýdylanda kanunlara laýyklykda hereket etmek; (ii) üçünji taraplar bilen şu Şertnamanyň bozulmagy boýunça geçirilýän derňewlerde hyzmatdaşlyk etmek; (iii) şu Şertnamany hukuk güýjüne girizmek üçin internet hyzmat üpjünçileriniň, tor ulgamlarynyň ýa-da kompýuter desgalarynyň ulgam dolandyryjylary bilen hyzmatdaşlyga geçmek maksady bilen mälim etmegine razylyk berýärsiňiz.

21. Şertnamanyň Berilmegi we Borçlaryň Bellenmegi. "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnamany Size habar bermän düzüp biler. Siz bu Şertnamanyň düzgünlerine "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan öňünden razylyk bildirmese (şeýle razylyk "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan berilmän hem bilner) bölekleýin ýa-da bitewiligine kabul etmeli dälsiňiz; "BlackBerry" kompaniýasy razylyk bermedik ýagdaýynda onuň hukuk güýji ýokdur. "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnama laýyklykda ähli borçlaryny göni özi ýerine ýetirip biler ýa-da ähli ýa-da käbir borçnamalaryny özüniň potratçylaryna we kömekçi potratçylaryna tabşyryp biler.

22. Duýduryşlar. Şu Şertnamada başgaça agzalyp geçilmedik bolsa, şu Şertnama laýyklykda düzülen ähli duýduryşlar we gaýry hatlar Size ugradylan halatynda Siziň "BlackBerry" kompaniýasyna beren töleg kagyzy ugradylýan salgyňyza, "BlackBerry" kompaniýasyna ýazylanda bolsa BlackBerry Singapore Pte. Limited at 1 International Business Park, The Synergy Building, 2nd Floor, Singapore 609917 salgysyna, Müdiriýetiň Başlygynyň dykgatyna diýlip görkezilen görnüşde hat gatnadyjy arkaly ugradylan, özüne tabşyrylan ýa-da poçtasyna goýlan, poçta tölegi öňünden tölenen, hasaba alnan we alnandygy barada habar berlen diýlip hasaplanmalydyr. Ýokarda agzalyp geçilenlerden başga-da, "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnama laýyklykda Size elektron görnüşde hem duýduryş ugradyp biler. Size Ugradylan Elektron duýduryş Siziň tarapyňyzdan "BlackBerry" kompaniýasyna berlen elektron poçtasyna ugradylanda Size berildi diýlip hasaplanar; size "BlackBerry" kompaniýasyna hiç hili salgy bermedik bolsaňyz, onda duýduryş http://www.blackberry.com/legal/ internet saýtynda goýlandan soň berildi hasaplanyp bilner.

23. Fors-Mažor. Şu Şertnamanyň gaýry düzgünlerine garamazdan, Taraplar öz ygtyýarlarynda daşgary halatlar ýüze çykan halatynda öz borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmändikleri üçin şu Şertnamany bozan diýlip hasaplanmaly däldir, siz şol hadysalaryň sanawyna 17-nji bölümiň (ii) kiçi bölüminde sanalyp geçilen hadysalary hem girizmek barada ylalaşýarsyňyz. Bu düzgün haýsy-da bolsa bir Tarapyň şu Şertnama laýyklykda beýleki Tarapa töleg tölemändigi, borçlaryny ýerine ýetirmändigi üçin bahana hökmünde düşünilmeli we düşündirilmeli däldir.

24. Umumy.

(a) Üçünji Tarap Benefisiarlar. "BlackBerry" kompaniýasynyň golçurlary, "BlackBerry" kompaniýasynyň we onuň golçurlarynyň müdirleri, ýolbaşçylary hem-de işgärleri şu Şertnamanyň "Adatdan Daşary Ýagdaýlar" (8-nji bölüm), "Siziň "BBM" Çözgüdiňiz üçin Jogapkärçiligiňiz" (16-njy bölüm), "Jogapkärçilikleriň Çäklendirilmegi" (18-nji bölüm), "Kepillikler; Jogapkärçiliklerden Boýun Gaçyrmak" (17-nji bölüm) atly bölümleriniň ýerine ýetirilmegi maksady bilen, şeýle hem şu Bölüme we Singapurda 2001-nji ýylda kabul edilen Ylalaşyklar (Üçünji Taraplaryň Hukuklary) barada Kanunynyň ("Üçünji Taraplaryň Hukuklary barada Kanun") düzgünlerine laýyklykda göýä her biri şu Şertnama tarap hökmünde gatnaşýan üçünji tarap benefisiarlar hasaplanýarlar. Hyzmatlar üçin Mazmuny üpjün edijiler şu Bölüme we Üçünji Taraplaryň Hukuklary barada Kanunyň düzgünlerine laýyklykda şu Şertnama tarap bolup gatnaşýarlar we "BBM" Çözgütlerini Ulanmagyň Düzgünlerinde" (2-nji bölüm) we "Intellektual Eýeçilik" (9-njy bölüm) bölüminde bellenilip geçilen öz Mazmunlarynyň ulanylmagyny goraýan we çäklendirýän üçünji tarap benefisiarlar hökmünde çykyş edýärler. Eger-de Siz "Apple" kompaniýasynyň "iTunes Store" ulgamyndan Programma üpjünçiligini satyn alan bolsaňyz, siz "Apple Inc." Kompaniýasynyň we onuň golçurlarynyň şu Şertnama benefisiar hökmünde gatnaşýandygy barada ylalaşýarsyňyz; Siz şu Şertnamany kabul edeniňizden soň "Apple" kompaniýasynyň we onuň golçurlarynyň üçünji tarap benefisiar hökmünde Siziň "BBM" Çözgüdini "iOS" platformasynda ulanmagyňyza degişlilikde şu Şertnamany ulanyp bilerler (olar şeýle hukuklary kabul edip aldylar diýlip hasaplanar). Siz şeýle-de "Apple Inc." kompaniýasynyň we onuň golçurlarynyň "BBM" Çözgüdi üçin jogapkärçilik çekmeýändikleri, "BBM" Çözgüdi babatda Siziň ýa-da üçünji tarapyň arz-şikaýat etmeli däldigi, şeýle-de "BBM" Çözgüdi üçin abatlaýyş we tehniki goldaw berilmegi üçin ýüz tutmaly däldigi babatda ylalaşýarsyňyz. Şu Şertnamada we Üçünji Taraplaryň Hukuklary barada Kanunda başgaça bellenip geçilmedik bolsa, şu bölümde bellenip geçilen düzgünler gaýry şahslaryň ýa-da edaralaryň däl-de Taraplaryň bähbidine gulluk etmelidir.
(b) Şertnamany Bozmakdan Boýun Gaçyrmak. Bir Tarapyň borçlaryny ýerine ýetirip bilmändigi, işi gijikdirendigi, kanuny ýa-da adalatlylyk ýörelgeleri sebäpli hukuklardan boýun gaçyrýandygy hakynda nama beýleki Tarapyň ygtyýarly goly çekilmedik halatynda Taraplaryň hiç biri şu Şertnama laýyklykda öz hukuklaryndan boýun gaçyran ýa-da mahrum edilen hasaplanmaýar. Şu Şertnamanyň bir düzgüninden bir gezek boýun gaçyrmak ýa-da şol düzgüniň bozulmagy Şertnamanyň düzgünlerinden boýun gaçyrmagyň bir görnüşi hasaplanmaly däldir.
(c) Hukuk Güýji. Şu Şertnamanyň düzgünleri, şertleri we ygtyýarlary manysy we mazmuny boýunça şu Şertnamanyň ýerine ýetirilýän döwri hukuk güýjüni goramalydyr, şeýlelikde şu Şertnama ýerine ýetirilip tamamlanandan, goýbolsun edilenden we ýatyrylandan, öwez tölegi töledilenden soň hem hukuk güýji dowam etmelidir.
(d) Agalyk Edýän Kanun we Dawalaryň Çözülmegi. KANUNLARYŇ ARASYNDAKY ÇAPRAZGELMELERI ÇÖZÝÄN KANUNLARDAN DAŞGARY, ŞU ŞERTNAMADA SINGAPUR DÖWLETINIŇ KANUNLARY AGALYK ETMELIDIR WE ŞOL KANUNLARA LAÝYKLYKDA DÜŞÜNDIRILMELIDIR. Taraplar şu Şertnamanyň üsti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlaryň Halkara Söwdasy üçin Şertnamalar barada Konwensiýasynyň şu Şertnamada hiç hili ulanylmazlygy babatda ylalaşýarlar.
Siz kazyýet mejlisine, işe garamak üçin amatly bolmadyk ýerlere gelmezlik üçin garşylyk bildirmekden doly boýun gaçyrýarsyňyz; kazyýet iş ýörediş resminamalaryny poçta ýa-da degişli kanunlarda bellenip geçilen görnüşde almaga, Singapurdaky kazyýet işlerine gatnaşmak üçin wekil bellemäge doly razyçylyk bildirýärsiňiz. Siz we "BlackBerry" kompaniýasy şeýle kazyýet mejlislerine gatnaşmaga razyçylyk bildirýärsiňiz. Eger-de siziň Döwletiňizdäki kazyýetler ýokarda salgylanylyp geçilen kanunlara we kazyýetlere gatnaşmaga razylyk bermäge rugsat bermeýän bolsa, onda şu Şertnamadan gelip çykýan dawalar üçin Siziň ýerli kanunçylygyňyz we kazyýetleriňiz ulanylar. Taraplar hususan-da dawalaryň oturdaşly geçýän kazyýet mejlisinde çözülmezligi babatda ylalaşýarlar we şu Şertnamadan gelip çykýan meseleleriň oturdaşly geçýän kazyýet mejlisinde çözülmeginden boýun gaçyrýarlar. Taraplaryň arasyndaky hem-de Sizden başga adamyň gatnaşýan hiç bir dawasy "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan öňünden razylyk bildirilmedik ýagdaýynda goşulmaly däldir.
Ýokarda agzalan düzgünleriň hiç biri bir Tarapyň degişli döwletiň kazyýetinde gadaganlyk girizmegi ýa-da kanuny gorag serişdesi üçin hereket etmeginiň öňüni almaýar. Hususan-da "BlackBerry" kompaniýasynyň kazyýetlerde (i) Siziň "BBM" Çözgüdini ýa-da bir bölegini alandygyňyz üçin "BlackBerry" kompaniýasyna tölemeli tölegiňiz; (ii) şu Şertnamanyň "BBM" Çözgütlerini Ulanmagyň Düzgünleri" (2-nji bölüm), "Programma Üpjünçiliginiň Ulanylmagy" (3-nji bölüm), "Intellektual Eýeçilik" (9-njy bölüm), "Eksport, Import, Çäklendirmeler we ABŞ-yň Hökümet Lisenziýalary" (10-njy bölüm), "Howpsuzlyk, Hasaplar we Parollar" (11-nji bölüm), "Gizlinlik we Tersine Inženerçilik", (12-nji bölüm), "Şertnamanyň Ýatyrylmagynyň Hukuk Güýjüne Girmegi" (15-nji bölüm) atly bölümlerini gödek bozandygyňyz üçin iş gozgamaga, şol sanda gadaganlyk girizmäge (ýa-da Siziň Döwletiňizdäki şoňa meňzeş çäreler) hukugy bardyr.
(e) Şertnamanyň Böleklere Bölünmegi. Şu Şertnamanyň her bir bölümi, maddasy, düzgüni, jümlesi ýa-da bir bölegi islendik döwletiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bikanun, hukuk güýjüni ýitiren we ulanylmaýan hasaplanan halatynda, onda şol Bölek hakynda çykarylan kesgitnama (i) Şertnamanyň galan Bölekleriniň kanunylygyna, hukuk güýjüne, ulanylyşyna; (ii) şol Bölümiň beýleki döwletlerde kanunylygyna, hukuk güýjüne, ulanylyşyna täsir etmeli däldir. Şu Şertnamanyň hukuk güýjüne girizilmegi we ulanylmagy üçin zerur bolan halatynda şol Bölegiň güýji mümkingadar çäklendiriler we bölüner.
(f) Dil. Eger-de şu Şertnama iňlis dilinden başga dile terjime edilen bolsa we Şertnamanyň iňlis dilindäki görnüşiniň we onuň terjimesiniň arasynda many taýdan çaprazgelmeler bar bolsa, onda onuň iňlis dilindäki görnüşi hukuk taýdan artykmaçlyk eder. Siziň döwletiňizde gadagan edilmedik bolsa we şeýle edilmegi şertlerinden daşgary, şu Şertnamadan gelip çykýan ähli düşünişmezlikler, jedeller, araçylyk we arbitraž işleri, dawalar iňlis dilinde alnyp barylmalydyr, şol sanda islendik görnüşli hat, açyşlar, tabşyrylan kazyýete tabşyrylan resminamalar, aklawçynyň ýazmaça we dilden beren beýanaty, ýazmaça we dilden berlen subutnamalar, buýruklar we hökümler iňlis dilinde alnyp barylmalydyr.
(g) Bitewi Şertnama. Şu Şertnama (goşmaça goşulmaga degişli bolup, goşmaçanyň mazmunyna we düzgünleri girizilen bolmaly) Taraplaryň arasynda şertnamanyň mazmunynda görkezilenler barada baglaşylan bitewi şertnamany aňladýar; Taraplaryň arasynda şu Şertnamada agzalman geçen hiç hili düzgün, düşünişmeklik, aragatnaşyk, ygtyýar, kepillik, borçnama, girew şertnamasy ýa-da şertnamalary ýokdur. Ýokarda agzalyp geçilenlere garamazdan, Taraplaryň arasynda baglaşylan gaýry şertnamalar "BBM" Çözgüdiniň beýleki bölekleriniň ulanylmagynda hukuk taýdan artykmaçlyk edip biler. Şu Şertnama Taraplaryň arasynda şu Şertnamanyň mazmuny boýunça ylalaşylan deslapky ýa-da häzirki ýazmaça we dilden aýdylan düzgünleriň, düşünişmekligiň, aragatnaşygyň, ygtyýarlaryň, kepillikleriň, borçnamalaryň, girew şertnamasynyň ýa-da şertnamalarynyň ýerini eýeleýär. Siz şu Şertnamany baglaşmak arkaly öňki baglaşan şertnamalaryňyza bil baglamaýandygyňyzy tassyklaýarsyňyz. Şu Şertnama islendik wagt Taraplaryň özara ylalaşmagynda üýtgetme girizilip bilner. "BlackBerry" kompaniýasyna kanunlar tarapyndan rugsat berilmedik halatlaryndan daşgary, "BlackBerry" kompaniýasy şu Şertnama bir özi özbaşdak üýtgetme girizmäge, şol sanda kanuny talaplary şöhlelendirmäge (şol sanda şu Şertnamanyň hukuk güýjüne girmegini üpjün etmek üçin üýtgetme girizmäge) hukugy bolar, Size elektron görnüşde (ýokardaky Duýduryşlar barada düzgünlerde bellenip geçilişi ýaly) ýa-da http://www.blackberry.com/legal internet saýtynda üýtgetme girizilendigi barada bildiriş edip, öňünden habar bermek arkaly şeýle-de iş ýörediş usullaryny üýtgetmäge doly hukugy bardyr. Siz şeýle üýtgetmeleri görmek üçin şol saýty barlap duramlysyňyz. Siz şeýle bildiriş berlenden soň altmyş (60) "BBM" Çözgüdini ulanmaga dowam eden ýagdaýyňyzda Siz şol üýtgedilen düzgünleri kabul edýärsiňiz diýlip hasaplanar. Eger-de Siziň üýtgetmeler barada soragyňyz bar bolsa, onda şeýle bildiriş Siziň garamagyňyza berlen wagtyndan soň altmyş (60) günüň dowamynda legalinfo@blackberry.com elektron poçtasy arkaly bize ýüz tutuň.
(h) Kanunlary Berjaý Etmek. Siz şu Şertnamanyň ýa-da degişli lisenziýa şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin öz Döwletiňizde hökümet edaralary ýa-da degişli kanunlar tarapyndan talap edilýän ähli lisenziýalary, bellige alnandygy hakynda şahadatnamalaryny we tassyknamalary öz hasabyňyza almaly. Mundan başga-da, şübhe döremezligi üçin Siz "BBM" Çözgüdiniň gurnalmagy we ulanylmagy bilen bagly ähli degişli kada-kanunlary berjaý etmeli, şol sanda düzüminde täjirçilik maksatly ulanylýan şifrleme we gaýry howpsuzlyk funksiýalary bolan islendik Programma üpjünçiligini ýurduň çägine getirmek üçin degişli hökümet edaralaryndan talap edilýän ähli zerur lisenziýalary, bellige alnandygy hakynda şahadatnamalaryny we tassyknamalary almaly. Siz "BlackBerry" kompaniýasynyň döwürleýin görnüşde haýyş eden ýagdaýynda, kada-kanunlary berjaý edýändigiňizi tassyklamak üçin kepilnamalary we resminamalary bermeli. Ýokarda bellenip geçilenleri çäklendirmezden, käbir Hyzmatlara we Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryna umumy girip bolýandygy sebäpli, Siz Hyzmatlara we Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryna "BlackBerry" kompaniýasynyň ýa-da degişli üçünji tarapyň şol Hyzmatlary we Üçünji Tarapyň Hyzmatlaryny elýeterli diýip görkezen döwletlerinden başga döwletde ulanmakçy bolsaňyz, Siz bu işi öz başlangyçlaryňyz bilen edýändigiňize güwä geçýärsiňiz we ähli degişli kada-kanunlara, şol sanda degişli Hyzmatlaryň, Üçünji tarapyň Hyzmatlarynyň, degişli Mazmunyň, Üçünji Tarapyň Önümleriniň ýa-da Programma Üpjünçiliginiň import edilmegi, eksport edilmegi, ulanylmagy, geçirilmegi we onuň bilen aragatnaşyga geçilmegi barada kada-kanunlary berjaý etmäge borçlusyňyz. Mundan başga-da, "BlackBerry" kompaniýasy "BBM" Çözgüdi we Hyzmatlar bilen bilelikde elýeterli edilen Üçünji Tarapyň Önümleriniň ähli ýerde ulanmak üçin amatlydygy ýa-da elýeterlidigi barada kepillik bermeýär. Siz Programma Üpjünçiliginiň ýa-da Üçünji Tarapyň Önümleriniň bikanun hasaplanan ýerlerinde ýazdyrmaly, gurnamaly ýa-da girmeli däldigi ýa-da synanyşmaly däldigi barada ylalaşýarsyňyz. Ýokarda bellenip geçilenler bilen çäklenmezden, degişli kanunlara laýyklykda "BBM" Çözgüdiniň şekilli we sesli gürrüňdeşlik funksiýalarynyň çägindäki wideoly we sesli jaňlary ulanmagy gadagan edilen bolsa, şol sanda serwersiz aragatnaşyk, wideo we internet funksiýalary Döwletiňizde gadagan edilýän bolsa, kämillik ýaşyna ýetmedik bolsaňyz ýa-da şeýle gadaganlyk Tiz Kömek Gulluklary barada kanunlar sebäpli bolsa, onda Siz "BBM" Çözgüdiniň funksiýalaryny we önümlerini ýazdyryp we ulanyp bilmeýärsiňiz. Tiz Kömek Gullugy bilen aragatnaşyga geçmek üçin goşmaça çäreleri görmek üçin özüňiz jogapkärçilik çekýärsiňiz.

(i) Ýaýbaňlandyrylan Manylar. "Öz içine alýar" ýa-da "mysal üçin" diýen adalgalar zerur bolan halatynda "şular bilen çäklenmezden öz içine alýar" we "mysal üçin, şular bilen çäklenmezden" diýen manylary aňlatmalydyr.

(j) Aýratyn Hukuklar. Eger-de Siz Bruneý döwletiniň ýaşaýjysy bolsaňyz, siz hususy söwda kanunlaryny berjaý edýändigiňizi we Bruneý Darussalamyň Kanunlarny we Size degişli beýleki kanunçylyga laýyk hereket edýändigiňizi, emläkleriňiziň Bruneý Darussalamyň kanunçylygyna ýa-da beýleki kanunlara laýyklykda eldegrilmesiz däldigini tassyklaýarsyňyz. Siz kazyýetde jogapkärçilige çekilmezlik üçin aýratyn hukugyňyz (kazyýetiň hökümi çykmazdan öňürti kömek edilse ýa-da berilse) bolan ýagdaýynda Siz şol döwletiň kanunlary tarapyndan rugsat berlen şeýle aýratyn hukuklardan ýüz öwürmejekdigiňiz barada ylalaşýarsyňyz.

(k) Filippin Adalarynda Işlemek. Taraplar "BlackBerry" kompaniýasynyň Filippin Adalarynda işlemek üçin lisenziýasyny saklamak maksady bilen şu Şertnama arkaly ýerine ýetirilýän "BlackBerry" kompaniýasynyň amallaryň we işleriň netijesinde "BlackBerry" kompaniýasynyň Filippin Adalarynda üýtgetme girizilen №7042 belgili Korporasiýalar hakynda Kodeksiniň we Respublikan Kanunynyň 123-nji, 133-nji, 144-nji Bölümlerinde agzalan maksatlar üçin işleýär diýlip hasaplanmajakdygyna güwä geçýärler. "BlackBerry" kompaniýasy şeýle amallar we işler sebäpli Filippin Adalarynda iş alyp barýar diýlip hasaplanan halatynda, Taraplar şu Şertnamanyň güýje girmegi we beýleki Tarapyň şu Şertnamadaky borçlaryny berjaý etmegi arkaly ep-esli peýda almagy maksat edinýärler. Siz "BlackBerry" kompaniýasy tarapyndan Filippin Adalarynda kazyýet işini gozgamakdan saklanýandygyňyzy we garşyňyza iş gozgalmaýandygyny, "BlackBerry" kompaniýasynyň Filippin Adalarynda lisenziýa alyp bilmeýändigi ýa-da lisenziýasyz işleýändigi sebäpli "BlackBerry" kompaniýasynyň kazyýetde iş gozgamak üçin sebäbiniň we hukuk taýdan ukybynyň ýokdugyny tassyklaýarsyňyz.

EGER-DE SIZIŇ ŞU ŞERTNAMANYŇ DÜZGÜNLERI WE ŞERTLERI BILEN BAGLANYŞYKLY SORAGYŇYZ BAR BOLSA legalinfo@blackberry.com ELEKTRON POÇTASY ARKALY ÝÜZ TUTMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIS.